
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen eýýäm ençeme ýyldan bäri Döwlet baýdagymyzyň gününi Esasy Kanunymyzyň güni bilen bilelikde belleýäris. Pikirleriň birleşip, has kämil pikire, akabalaryň birleşip joşly derýa, derýalaryň birleşip deňze öwrülişi ýaly, iki mukaddeslik ― ýaşyl Tugumyz we Konstitusiýamyz birleşip, has uly şana, has uly baýrama öwrüldi. Maýyň 18-nji gününiň goşa ganaty bar. Şol ganatlaryň her haýsy aýry bir mukaddeslik, aýry bir belentlik.
Özygtyýarly we milli döwlet bolmaklygyň baş hem-de iň ilkinji nyşany bolan döwlet Baýdagy mukaddesligiň gözbaşydyr. Oňa tagzym edilýär, oňa uýulýar we oňa buýsanylýar. Bu milli mukaddeslik özüniň al-asmanda pasyrdaýşy ýaly, oňa tagzym eden her bir adamyň ruhuny hem öz derejesine göterýär. Türkmen halkynyň ar-namysy derejesine göterilen milli Tugumyz bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, dünýä halklary bilen ygtybarly dostluk-doganlyk we deň bähbitli hyzmatdaşlyklaryny, şeýle hem türkmen ýaşlarynyň ýiti zehinini, gujur gaýratyny, yhlasly zähmetini, güýç-kuwwatyny äleme ýaýýan gymmatlyk bolup pasyrdaýar. Türkmen ýaşlary geçirilýän her bir halkara derejeli bäsleşiklerde ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp, gazanan ýeňişleri bilen Watanymyzyň adyna at, şöhratyna şöhrat goşýarlar. Elbetde, dünýä ýurtlarynda ýeňiş gazanyp, şol döwletlerde ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmaklyk munuň özi iň belent mertebedir.
Türkmen halkynyň medeniýete, sungata goýýan sarpasy örän uludyr. Şonuň üçin hem dünýä ýurtlarynyň ählisi biziň milli medeniýetimize uly gyzyklanma bildirýärler. Owadan şaý-seplerimiz, milli lybaslarymyz, ýigitlerimiziň silkme telpekleri, saz-gurallarymyz, garaz ähli gymmatlyklarymyzdaky nepislik olaryň gözlerinden birjik-de sypmaýar. Edil şonuň ýaly biziň ýaşyl Tugumyzyň hem owadanlygy, ondaky türkmen gölleri islendik adamy özüne çekip bilýär.
Baýdak mukaddesdir. Türkmen halky gelinleri baýdaga deňeýärler. Türkmen ýigitleri baýdagy ary-namysy hökmünde goraýar. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimizi, ähli watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Konstitusiýamyzyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Nargiza HUDAÝBERGENOWA,
Darganata etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.