Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşar

17-05-2023 / 5051

18-19-njy maýda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti geçiriler. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça bu ýokary derejeli duşuşyga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, 13-nji maýda ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý döwlet Baştutanymyza HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň 18-19-njy maýda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurypdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygy aýdyldy.

Hytaýyň resmi habar beriş serişdeleri Şensi welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Sian şäherinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklygynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň Liderleriniň gatnaşjakdygyny mälim edýär. Sammitiň dowamynda Hytaý bilen sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara derejede hereket edýän mehanizmleriň ösüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki möhüm syýasy resminama gol çekiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com