Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistanyň daşky gurşawy we ekologiýasyny goramak

17-05-2023 / 5141

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Diýarymyzyň ekologiýa meselelerini döwrüň sebit we dünýä derejesindäki çylşyrymly meseleleri bilen utgaşdyryp alyp barmak maksady bilen, Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş hem-de Daşky gurşaw boýunça maksatnamalary, Ýewropa boýunça Ykdysady topary, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti we başga-da halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy gün-günden giňeýär. Halkara konwensiýalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda biodürlüligi gorap saklamak we baýlaşdyrmak, ýer, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, tokaýlary dikeltmek we gorap saklamak, öri meýdanlaryny, tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, ozon gatlagyny gorap saklamak meseleleri boýunça milli we sebit derejeli taslamalar ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzybir işgärleri bu babatda ähli ugurlar boýunça uly işleri amala aşyrýarlar. Şeýle-de ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselelerine halkara derejesinde uly ähmiýet berilýändigini aňladýar.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine, jemgyýetimiziň ruhy, medeni galkynyşyna giň ýollar açyldy. Gahryman Arkadagymyz tebigaty, ilatyň saglygyny goramak, ýer, suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu babatda ekologiýa kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, täze, döwrebap gurulýan şäherleriň we obalaryň töwereginde tokaý zolaklaryny döretmek, Garagumuň jümmüşindäki «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy we ol işleri dowam etmek, onuň kenarynda döwrebap şäherçäni gurmak, miweli we saýaly agaçlaryň meýdanlaryny giňeltmek ýaly uly tutumly işler muňa şaýatlyk edýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwrebap meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda agyz suwuny arassalaýan kärhanalaryň ençemesi işe girizildi.

Türkmenistan döwletimiz daşky gurşawy goramak baradaky gol çeken konwensiýalary we ylalaşyklary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirip gelýär. Ýurdumyzda howa gatlagyna düşýän gazlaryň hasabaty ýöredilýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklaryna häzirki zaman, ekologiýa nukdaýnazaryndan has kämil tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak bilen baglanyşykly degişli innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga hem-de tebigy gazlaryň zyňyndylarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty ykdysadyýetiň pudaklaryny ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmäge, tebigaty goramagyň we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň netijeliligini üpjün etmäge, halk hojalygynyň pudaklarynyň arasynda sazlaşygy gazanmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak, tebigatymyzy gorap saklamak, oňa aýawly çemeleşmek biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar.

Begenç NURALYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com