
Özüniň geljegi barada alada edýän her bir döwlet ylymly-bilimli, gujur-gaýratly, Watana wepaly, ösen döwletleriň ýaşlaryndan kem bolmadyk, geçmiş taryhyna sarpa goýýan, Watanyň ösüşlerine özüniň saldamly goşandyny goşup biljek kämil ýaş nesli terbiýelemek barada alada edýär. Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz hem şu asylly maksatlary ýörelge edinýän döwletleriň hatarynda durýar.
Adamyň Watana bolan söýgüsi enä bolan söýgüsi ýaly mukaddesdir. Ýaşlaryň kalbynda döreýän watançylyk duýgusy, Watan düşünjesine akyl ýetirmekden hem ony kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek döwrüň baş wezipesi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar babatda ýaýbaňlandyrylýan aladalar Arkadagly Serdarymyzyň häzirki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň ugrunda durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli, ynsanperwer we parasatly syýasatynyň aýdyň beýanydyr.
Şu ýylyň 28-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy hem jemgyýetiň öňdebaryjy güýji bolan ýaş nesliň ýürek arzuwlarynyň, aýdyň maksatlarynyň özboluşly wysalyna öwrüldi. Nobatdaky gurultaý «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň iri syýasy-jemgyýetçilik wakalarynyň hataryndan orun aldy.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olaryň ylmyň soňky gazanan innowasion sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmaklaryny gazanmak, watansöýüjilik düşünjesini has artdyrmak, hünär öwretmek, sportuň dürli ugurlary boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşine itergi berjek bu maksatnamanyň esasynda ýaşlar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen täze pikirleri öňe sürýän meýilnamalary işläp düzmäge, olary iş ýüzünde amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.
Gözel ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.