TÜRKMENISTAN — TÄJIGISTAN: ygtybarly hyzmatdaşlygyň binýady
13-05-2023 / 5036
Täjigistan 1991-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda garaşsyzlygyny gazandy. Ýurduň döwlet baştutany Prezident bolup, ol Täjigistanyň içerki we daşarky syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Täjigistanyň düzüminde 4 welaýat, 61 şäher bar. Döwlet dili — 1989-njy ýylyň 22-nji iýulyndan bäri täjik dili hasaplanýar. Pul birligi — somoni. Ýurduň hökümeti Täjigistan Respublikasynyň ýerine ýetiriji organydyr. Kanun çykaryjylyk ýerine ýetiriji häkimiýete we mejlisiň iki palatasyna degişlidir.
Ýurduň paýtagty we iň uly şäheri Duşenbe şäheridir. Ol pars dilinde «birinji gün» diýen manyny berýär. Taryhy maglumatlara görä, Duşenbe öňler uly bir oba eken. Irki döwürlerde bu ýerde duşenbe gününde uly bazar gurlupdyr.
Täjigistan Respublikasy ykdysady babatda ýylsaýyn uly ösüşler gazanýar. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, ýurduň soňky ýyllarda jemi içerki önümi 9,6% ýokarlandy. Ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy çeşmesi gazylyp alynýan peýdaly baýlyklardyr. Ýurduň çäginde sink, wolfran, barit, kümüş, gurşun ýaly ýerasty baýlyklaryň uly gory bar. Täjigistan ulag-logistika ulgamynda hem uly ösüşlere ýeten döwletdir.
Türkmenistan Täjigistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanýar. Türkmenistan bilen Täjigistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigi ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek meselelerinde tagallalary birleşdirmäge oňyn şert döredýär.
1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bilen, iki garaşsyz döwlet — Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy gatnaşyklarda täze taryhy döwür başlandy. Türkmenistanyň Täjigistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de hil taýdan ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurlar babatda Täjigistana möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garalýar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde Täjigistan Türkmenistandan nebit önümleri, pagta ýagy, sement ýaly köp harytlary satyn alýar. Türkmenistan öz gezeginde doganlyk Täjigistan döwletinden alýuminiý, oba hojalyk önümlerini satyn alýar. Şeýle hem energetika, ulag, oba hojalygy we ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda oňyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Iki ýurduň söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine uly orun berilýär. Onuň işi iki ýurduň arasyndaky daşary ykdysady gatnaşyklaryň depginini artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Işewür jemgyýetçiligiň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmak, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary gurmak maksady bilen haryt öndürijileriň bilelikdäki sergileri, ykdysady forumlar hem-de ykdysady häsiýetli beýleki bilelikdäki çäreler yzygiderli geçirilýär. Maglumat hökmünde ýatlap geçsek, toparyň 2021-nji ýylyň 28-29-njy iýulynda Duşenbe şäherinde geçirilen 10-njy mejlisiniň netijeleri ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde möhüm ädim hökmünde hyzmat etdi, geçirilen gepleşikler ýokary netijeleri berdi. Şeýle hem türkmen we täjik kompaniýalarynyň iki ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikde maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyna döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Iki ýurduň hojalyk edaralaryny, söwda düzümlerini özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işine has giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewürler geňeşiniň döredilendigini aýratyn nygtamak gerek.
Ulag we energetika ulgamlary hem iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şu babatda bilelikdäki taslama bolan Türkmenistan— Owganystan—Täjigistan halkara demir ýol ulag geçelgesi nusga alarlykdyr. Bu ýoluň ugry boýunça hem ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy gurulýar. Iki ýurduň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hökümetara maksatnamasyny, şeýle hem haryt dolanşygyny artdyrmak boýunça «Ýol kartasyny» durmuşa geçirilýär. Bu bolsa türkmen-täjik dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşine baý many-mazmun çaýdy.
Iki ýurduň bilelikdäki taslamalary dürli ugurlarda ýaýbaňlandyrylýar. 2021-nji ýylyň 4-nji awgustynda gol çekilen Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugt oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk munuň aýdyň subutnamasydyr. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Täjigistan döwletiniň arasynda demirýol pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklara gol çekildi.
Dostlugyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň gadymy däplerine ygrarlydygyny görkezip, bu gün taryhyň täze sahypasynda ýurtlaryň ikisi-de hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýýardygyny beýan edýär. Bu bolsa türkmen-täjik halklarynyň bähbitlerine tutuşlaýyn we dolulygyna gabat gelýär. Iki halky gadymdan bäri baglanyşdyrýan dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň söwda-ykdysady bähbitlerini mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge itergi berjekdigine berk ynam döredýär.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.