
Merw orta asyrlar döwründe uly siwilizasiýanyň hem-de baý medeniýetiň merkezi bolupdyr. Orta asyrlarda biziň topragymyza syýahat eden ýazarlar, jahankeşdeler Merwiň gülläp ösendigini, onuň baý medeniýetiniň bolandygyny, ylym we medeniýet ojagy hökmünde dünýäde uly orun eýeländigini ýazypdyrlar. Bu ýerde dünýäniň iň ajaýyp kitaphanalarynyň ýüze çykmagynyň sebäbi hem Merwiň Merkezi Aziýanyň we tutuş musulman dünýäsiniň ylmy we medeni merkezi bolanlygyndadyr. Şu ýerde häzirki zaman ylmynyň ösüşine gönezlik bolan orta asyr Merw alymlary we olaryň käbir işleri dogrusynda nygtalsa has ýerlikli bolar.
Hebeş al-Hasib, yagny “Hebeş – hasaplaýjy” lakamyny göteren Ahmed ibn Abdullah al-Merwezi IX asyrda Merwde ýaşan, görnükli matematik we astronom bolupdyr. Onuň matematika baradaky açyşlary dünýä ylmynyň möhüm orny eýeleýär. Hebeş al-Hasib dünýäde ilkinjileriň biri bolup, trigonometriýada tangens we kotangens düşünjelerini girizipdir we bu iki funksiýalar üçin tablisalar düzüpdir. Onuň “Ziji” atly astronomiki tablisalary orta asyr astronomlarynyň arasynda uly şöhrata eýe bolupdyr. Olary öz hasaplamalarynda Abu Reýhan al-Biruny hem peýdalanypdyr.
Merwde işläp, dünýä ylmynyň dürli pudaklarynyň ösüşine uly goşant goşan alymlaryň ýene biri hem Muhammet ibn Musa al-Horezmidir. Ol Gürgençde eneden doglupdyr. Mamun ibn Raşidiň Horasan welaýatyna hökümdar bolan döwründe al-Horezmi Merwe gelip, bu ýerdäki alymlar bilen ylmy gözleglerini dowam etdirýär. Al-Horezmi dünýä ylmyna algebrany beren beýik alymdyr. Bu barada onuň üç eseri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Orta asyrlarda onuň işleri Yewropalylar tarapyndan latyn diline terjime edilipdir. Al-Horezmi astronomiýa ylmynyň ösüşine hem uly goşant goşupdyr. Alym Merwde ýaşan ýyllarynda şol ýerdäki obserwatoriýada ylmy barlaglar geçiripdir. Onuň astronomiýa boyunça ýazan eserine “Horezminiň ziji” diýip at beripdirler.
Irki orta asyr Merwde ylym-bilim bilen meşgullanan alymlaryň biri hem Barzuedir. Ol öz döwründe tanymal alym bolup, esasan hem syýahatçylyk hem-de lukmançylyk ugurlaryndan ylymda yz galdyrypdyr. Emma onuň durmuş ýoly we ýazan eserleri barada maglumatlar biziň günlerimize gelip ýetmändir.
Merwde ýaşap, döredijilik bilen meşgullanan alymlaryň biri hem Omar Haýýamdyr. Ol beýik matematik, astronom, filosof we şahyrdyr. Bu görnükli alym Merwiň we Yspyhanyň obserwotoriýalaryna ýolbaşçylyk edipdir. Omar Haýýam matematika boýunça üç sany ylmy iş yazypdyr. Omar Haýýamyň astronomiýa ylmyna goşan goşandy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu barada ol “Mälik şanyň astronomik jedwelleri”, “Nowruznama”, “Ýewklidiň kitabyna düşündiriş”, “Gymmatlyklaryň hazynasy” ýaly işlerini ýazypdyr. Omar Haýýamyň we beýleki alymlaryň teklibi bilen, beýik Seljukly türkmen döwletinde täze senenama girizilipdir. Ol senenama häzirki döwürde ulanylýan gün senenamasyndan 7 sekunt tapawut edýär. Bu bolsa, Omar Haýýamyň astronomiýa boýunça güýçli alym bolandygyny ýene bir ýola subut edýär. Ol öz döwrüniň ýiti filosof alymy hem-de ýokary çeperçilikli, çuň manyly rubagylary bilen dünýäde meşhurlyk gazanan şahyr bolupdyr.
Orta asyrlarda ýaşan Abu Seýit as-Samany öz döwrüniň iň görnükli taryhçysy bolupdyr. Ol Merw şäherinde tanymal Samanylar maşgalasynda dünýä inipdir. Olaryň Merw şäherinde iki sany uly kitaphanalary bolupdyr. Taryhçy alym dünýewi we dini ylymlary ürç edip öwrenipdir. Ol Orta we Günbatar Aziýanyň medeni-ylmy merkezleriniň köpüsinde bolup, öz gözýetimini, bilimini giňeldipdir. Soňra ençeme ýyllap Merwdäki medreseleriň birinde mugallymçylyk edipdir. As – Samany Merwiň, Bagdadyň, Buharanyň taryhyna degişli 40-dan köpräk eseri arap dilinde ýazypdyr. Olaryň diňe az möçberi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Ol öz eserlerini diňe okan kitaplary esasynda däl, eýsem hut öz gözi bilen gören, gatnaşan wakalary esasynda ýazypdyr.
Orta asyr Gündogarynda iň uly fizik Abul fath Abdurahman al – Hazyny Merwde döredijilik işi bilen meşgul bolupdyr. Ol dünýäde ilkinjileriň hatarynda howanyň fiziki häsiýetlerini öwrenip başlapdyr. Erginiň dykyzlygyny bilmek üçin ol öz “arometrz” gurluşyny peýdalanypdyr. Maddalaryň udel agramyny takyklamak üçin al-Hazynyň eden işleri häzir hem öz takyklygy bilen haýran galdyrýar. Mehanikada bolsa, gündogarda ilkinjilerden bolup, tizleşdirme meselesine üns beripdir.
Yokarda agzap geçen alymlarymyzdan başga-da belli orta asyr alymlary, geograf Istahry, dilçi alym Aly ibn Sehl Rabban, matematik Ahmet ibn Abdullah, obserwatoriýanyň belli alymy Mansur ibn Talha, geograf Abulabbas Jafar ibn Ahmet, biolog Ibn Masa, genolog alymy Omar ibn Mutarrif, dilçi we şahyr Abulkasym Ysmaýyl al-Beýhaky we beýlekiler Merwde bolup, öz ylmy işlerini ýazypdyrlar.
Toýly ÖWEZALIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.