
Akyl-paýhas oýunlarynyň diňe bir güýmenje bolman, beýniniň işjeňligini artdyryp, zehini ýitileşdirýändiginden habaryňyz bardyr.
Düzzüm, şaşka, küşt, krossword, matallar, tapmaçalar ýaly akyl oýunlary birek-birek bilen özara arabaglanyşygy hem ösdürýär. Professor Riçard Kaselli bu oýunlary yzygiderli oýnamagyň birbada birnäçe ukybyň ýüze çykmagyna, munuň bolsa beýnidäki käbir keselleri bejerijilik häsiýetine eýedigini belleýär. Çünki 12 ýylyň dowamynda 1157 müň adamda geçirilen barlaglarda yzygiderli akyl oýunlaryny oýnamagyň täsiri bilen beýnidäki Alsgeýmer keseliniň ýok bolup gidýändigi ýüze çykaryldy.
Eýsem, akyl-paýhas oýunlarynyň ruhy saglygymyza nähili peýdasy bar? Ilki bilen, olar fiziki taýdan işjeňligimizi artdyrýar, beýnä yzygiderli gan barmagyny we onuň öýjükleriniň ösmegini üpjün edýär. Akyl-paýhas oýunlary çagalaryň köpçülige goşulyp gitmegini ösdürse, ulularda degna dartgynlylygyny azaldýar. Oýun oýnalýan döwri zehin tarapdan işjeňligiňiz beýniniň öýjükleriniň arabaglanşygyny güýçlendirýär. Bu ýagdaý ýatkeşligiň has-da artyp, zehiniň ýitileşmegine sebäp bolýar. Şeýle-de bütin günüň dowamynda gaharjaňlykdan daşda bolup, tersine, şähdaçyk bolmagymyza hem örän peýdalydyr. Bu bolsa tutuş bedenimiziň saglygyny goramak üçin esasy açar bolup hyzmat edýär. Mümkin boldugyça, bu oýunlar başgalar bilen oýnalmalydyr. Sebäbi wagt bilen ýaryşylýan oýunlar ünslüligi güýçlendirip, maglumatlary çalt öwrenmek ukybymyzy artdyrýar. Şu ýerde ýene bir zada aýratyn ünsi çekmek isleýäris. Boş wagtyňyz diňe oýun oýnamak bilen çäklenmän, kitap okamagy, dil öwrenmegi hem ýatdan çykarmaly däl. Bularyň ählisi yzygiderlikde ýöredilse, beýniniň sagdyn we ýiti bolmagyna oňaýly täsir edýär.
Enegül ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.