
Hemmämiziň söýýän önümimiz bolan baly öndürýän jandarlar barada bilmek, elbetde, gyzykly bolsa gerek. Alymlaryň aýtmagyna görä, balarylar ilkidurmuş adamy döremezinden 56 million ýyl öň hem bar ekeni. Bu maglumat balarylary gadymylygyndan habar berýär. Gadymy Müsür piramidalaryndan bolsa ir wagtlardan galan golçadaky ballaryň tapylmagy, adamzadyň balarylary önüminden has ir wagtlardan bäri peýdalanýandygynyň alamatydyr.
Balarylar maşgala bolup ýaşaýarlar. Olar ene ary, ata ary, işçi ary diýen toparlara bölünip, olaryň hersiniň öz ýerine ýetirýän işi bardyr. Baly öndürýän işçi arylardyr. Çünki bal öndürmekde çig mal bolup hyzmat edýän ösümlik şirelerini işçi arylar ýygnaýarlar. 100 gram bal öndürmek üçin balarylar milliona golaý güle gonmaly bolýarlar. Bu bolsa olaryň zähmetsöýerliginden habar berýär.
Bal lukmançylykda giňden peýdalanylýar. Oňa tebigy derman serişdesi diýsegem boljak. Şeýle önüm öndürmek bilen bir hatarda, ary idedýän adamlaryň juda sagdyn bolýandygynam aýdýarlar. Çünki ary saklanylýan ýerde üýtgeşik mikroklimat bolup, ol adam saglygyna oňaýly täsirini ýetirýär. Görnükli şahyrymyz Körmolla öz goşgusynda: «Zähri ýaman, baly gymmat arynyň» diýip bellese-de, arynyň zäheri hem gaty bir ýaman däl ýaly. Çünki balarynyň zäheriniň hem bejeriş serişdesi hökmünde ulanylýandygyny bellemek gerek.
Şunuň ýaly ýokary dermanlygy bolan önümi millionlarça ýyllardan bäri öndürýän bu jandarlara «Ilkinji lukmanlar» diýsegem ýalňyş bolmasa gerek.
Remezan ALTYBAÝEW,
Eziz GENJIÝEW,
TOHI-niň Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 4-nji ýyl talyplary.