
Duşenbede bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, düýn Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen bilelikde göni wideoaragatnaşyk arkaly dostlukly ýurduň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 9-njy dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, beýik türkmen akyldarynyň adyny göterýän 540 orunlyk mekdebiň binalar toplumyny gurmak «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýetine ynanyldy.
Döwrebap tehnologiýalary, kompýuter enjamlaryny, kitaphanany, naharhanany, sport meýdançalaryny we beýleki düzümleri öz içine alýan bu orta bilim ojagynyň gurluşygy Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, doganlyk täjik halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde amala aşyrylar. Şu gün mekdebiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli guralýan dabara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet, jemgyýetçilik wekilleriniň bir toparynyň Dusti etrabynda bolýandyklary hem iki halkyň dostlugyndan nyşandyr.
«TürkmenGazet».