
Alymlar barada ähli zatlar belli ýaly görünip biler, emma alymlaryň durmuşynda bolup geçen gyzykly wakalary bilmek has hem gyzykly bolsa gerek. Alymlaryň durmuş ýoly hemişe adamlaryň ünsüni özüne çekýär, şonuň üçin hem olar barada ähli zatlary bilesiň gelýär. Alymlar barada gyzykly faktlar – bu beýik adamlaryň diňe işi hakynda däl-de, olaryň şahsy durmuşyndan pursatlar hem barada bilmekdir.
Biz üçin fizikler, himikler, matematikler barada gyzykly hakykatlar geň bolup biler. Bu wakalar üstünlige bolan hyjuwymyzy artdyrar, sebäbi olaryň kömegi bilen bütin dünýä gurlan. Alymlaryň durmuşy barada iň gyzykly faktlary ähli ýerde okap bolanok, sebäbi bu adamlar ýat adamlardan köp zatlary gizleýän eken.
1) Eýnşteýn Germaniýada haýyr-sahawat konsertine gatnaşandygy barada alymlar hakynda gyzykly faktlar tassyklaýar.
2) Meşhur alym Dmitriý Mendeleýew diňe himik bolan däl-de, ol ensiklopediki neşirleri üçin makalalar hem ýazýan eken.
3) Himik Meri 19-njy asyrda adamyň ganynda demir tapanlygy sebäpli meşhurlyk gazanypdyr.
4) Angliýaly alym Dalton daltonizm keselini açansoň ähli adamlara belli bolýar. Onuň özi hem bu keselden kösenýän eken.
5) Sofýa Kowalewskaýa öz maşgalasynyň garyplygy sebäpli güýçli matematik bolýar. Sebäbi olar oboýlaryň ýerine diwarlara meşhur professoryň umumy sapaklarynyň ýazgylary bilen ýelmenen eken. Oboýlardaky matematiki derňewler kiçijek gyzjagazyň ünsini çekipdir.
6) Çarlz Darwin diňe tebigaty öwrenmekde däl-de aşpezlik ukyby bilen meşgur bolupdyr.
7) Isaak Nýuton Lordlaryň Palatasynyň agzasy eken.
8) Tomas Edison däriň güýjine işleýän dikuçar döretjek bolupdyr.
9) Haçan Pol Diraky Nobel baýragy bilen sylaglananda mahabaty halamaýanlygy sebäpli ondan ýüz öwüripdir.
10) Fransuz fizigi Andre Mari Amperiň işleriniň hormatyna elektrik togynyň güýjini atlandyrypdyrlar.
11) 1660-njy ýylda irlandiýaly fizik Robert Boýlýu gazlaryň basyşa görä göwrüminiň üýtgemek kanunyny açypdyr.
12) 20-nji asyryň belli alymy Nils Bor Daniýanyň ylymlar jemgyýetiniň agzasy bolupdyr.
13) Eýnşteýniň ýagdaýyna seretýän aýal nemes dilini bilmeýän eken, şonuň üçin alymyň ölüminiň öň ýanynda soňky sözleri näbelli bolup galypdyr.
14) Meşhur alym Galileo Galileý medisina fakultetinde bilim alypdyr.
15) Talyp ýyllarynda Darwin tagamçyl klubunyň agzasy bolupdyr.
16) Eýnşteýni mugallymlary ýalta hasap edýän ekenler.
17) Isaak Nýutonyň kellesine alma gaçan soň bütindünýä dartylma kanunyny açandygy barada rowaýat çyndyr.
18) Meşhur alym Nikola Tesla 1883-nji ýylda üýtgeýän togunyň dwigatelini döredipdir.
19) Rus fizigi Andreý Geým – 2 sany baýraklaryň eýesi bolupdyr: Şnobel we Nobel baýraklary.
20) Hakykatda radio enjamyny Nikola Tesla döredipdir, emma oňa patentini alyp bilmändir.
Taýýarlan: Raşit MEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.