
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, bu senäni bellemek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Häzirki wagtda şanly senä uly taýýarlyk görülýär.
2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek maksady bilen guramaçylyk toparynyň döredilmegi, bu babatynda geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy aýdylanlaryň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçen 2022-nji ýylda ýurdumyzyň öňe süren başlangyjy esasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky kabul eden çözgütleri halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň dünýäde ykrar edilýändigini tassyklaýar.
Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII-XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek möhümligine galýar. Şu nukdaýnazardan, bu senäni bellemegiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Şahyryň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek maksady bilen bellenilýän şanly sene dünýä alymlaryny özüne çekýär.
Bilşimiz ýaly, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly — köňülleriň küýsegi» atly halkara ylmy maslahatyň hem-de çäreleriň giň toplumynyň ýokary derejede geçirilmegi şahyryň döredijilik mirasynyň dünýä derejesinde öwrenilmegine mynasyp goşant goşdy. Akyldaryň döredijiligi ynsanperwerlik, ahlaklylyk, gözellik ýaly düşünjelere esaslanmak bilen, olaryň kämillik ýolunyň türkmen ruhundan, medeniýetinden hem-de türkmeniň tebigatyndan gözbaş alýandygy baradaky netijä gelmäge itergi berýär.
Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün millionlarça adamlaryň aňyna, ýüregine hem-de duýgularyna örän oňaýly täsir edip, mertligiň we gaýduwsyzlygyň özboluşly şygaryna öwrüldi.
Ejegül NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.