
Güýzde ýyldyrym çaksa, gyş ýyly geler.
Güýzüň ahyrynda çybyn köp bolsa, gyş maýyl geler.
Gyşda agyr gar ýagsa, ýaz ýagynly bolar.
Gije ýere gyraw düşse, ertesi açyk howa bolar.
Eger gargalar gyşyna daglara tarap uçup gitse, howa maýyl bolar. Dagdan açyk meýdana tarap uçup gelseler, onda sowuk aýaza garaşyber.
Alakalar hinine dänedir sypal çekseler, gazaply gyş boljagynyň alamatydyr.
Gumrular guguldaşsalar açyk howa boljagynyň alamatydyr.
Sülgünlerdir käkilikler çöpüň aşagyna giriberseler, howa sowuk bolar.
Hüwi seslenip otursa, howanyň bulaşjagynyň alamatydyr.
Eger ýagyş ýaganda suwda düwmejikler ýasasa, ygal köp düşer.
Ýagyş başlanda damjalary iri bolsa, ýagyn tiz diňer.
Ýaňy dogan Günüň öňüni bulut tutsa, ýagyna garaş!
Garlawaç pessaýlap uçsa, basym ýagşa garaşyber.
Tomsuna ýagyş köp ýagsa, gyş garly hem aýazly bolar.
Tomsuna gurak hem yssy bolsa, gyşyň gary hem aýazy az bolar.
Toplan: Jennet KULBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.