Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar – geljegiň eýeleri

11-05-2023 / 30

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ata Watanymyzyň kuwwatly, ösen döwlete öwrülmegine mynasyp goşant goşýan ýaşlara bolan ynamyň uludygyny görkezýär.

Häzirki wagtda ýaşlarda milli buýsanjy, watansöýüjiligi ýokarlandyrmak, şöhratly taryhymyz, däp-dessurlarymyz, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ýokary medeniýetli, belent adamkärçilikli nesli terbiýelemek boýunça köpugurly işler üstünlikli amala aşyrylýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar barada uly alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda ýaşlar hakyndaky aladanyň rowaçlanmagy, ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmegi her bir maşgalany buýsandyrýar. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary özleriniň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmäge gönükdirýärler. Olaryň alyp barýan jemgyýetçilik işleri, öňe sürýän başlangyçlary, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda çekýän yhlasly zähmetleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyz: «Biziň esasy maksadymyz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, saglygyny we hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmagy üpjün etmekden, watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň hukuklaryny we durmuş kepilliklerini üpjün etmekden ybaratdyr» diýip belleýär. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almaga bolan hukuklaryny amala aşyrmak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin ähli şertleriň döredilmegine, olaryň ýaşaýyş derejesiniň we durmuş taýdan goraglylygynyň ýokarlandyrylmagyna uly esas bolýar. Ýaşlaryň hukuk goragy milli kanunçylygymyzda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. Ýurdumyzda çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik-durmuş ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly we oňat baş çykarýan ökde hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, jemgyýetçilik birleşiklerinde zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagy we döredijilik taýdan kemala gelmegi uly üns merkezinde saklanýar.

Hudaýberdi DÖWLETOW,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com