
Türkmen topragy seýrek gülleriň bitýän mekany hasaplanýar. Muny alymlar, köplenç, Gün şöhlesiniň bolluk bilen eçilmegi, topragyň ýumşaklygy bilen düşündirýärler. Bägül, gülälek, piýon, hruzantema… ýaly güllere syn edeniňde, muňa göz ýetirmek bolýar. Sahawatly topragymyzda seýrek duş gelýän gülleriň biri-de çigildemlerdir. Çigildemler ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Olaryň Guşgy çigildemi, Guguň çigildemi, Beýik çigildem, Miheliň çigildemi, Wilsonyň çigildemi, Leýmanyň çigildemi, Boçansewanyň çigildemi ýaly birnäçe görnüşleri bar. Bu çigildemleriň atlary olary döreden alymlaryň we dörän ýerleriň atlary bilen baglanyşykly galypdyr.
Guşgy çigildemi. Bu ada eýe bolan gyzyl reňkli çigildem ýurdumyzda Bathyzyň we Garabiliň boz toprakly meýdanlarynda, Galaýmor, Daşköpri, Berdigylyç, Dosyýap, Akybaý, Humly diýen ýerlerde, köplenç, dag eteklerinde, baýyrlarlarda, çägesöw ýerlerde ösýär.
Guşgy çigildemi mart-aprel aýlarynda gülläp, maýyň ahyrlarynda miweleýär.
Guguň çigildemi. Köpetdagda Sumbar sebitlerinde, Çopandag, Könekesir, Uşak, Çakalgala, Sarymsakly, Hozudepe diýen ýerlerde bitýän Guguň çigildemi aýratyn görnüşe eýedir. Köz ýaly gyzyl reňkli bu gül ýanwar aýynda gögerýär, ol martda gülläp, aprelde miweleýär.
Beýik çigildem. Köýtendagda Hojagarawul, Hojagysar, Hojaýpil, Şerem jülgelerinde hem-de Köýten obasynda bitýän bu çigildemiň reňki goýy gyzyl bolup, diýseň owadan görnüşe eýedir. Ol mart-aprel aýlarynda gülläp, maýda miweleýär.
Miheliň çigildemi. Symgylt gyzyl reňkli bu gül Köpetdag, Kürendag, Kiçi we Uly Balkan sebitlerinde, dag eteklerinde, çagylly, maýda daşly we ownuk topurly eňňitlerde ösýär.
Ýanwaryň ikinji ýarymynda ösüp başlap, fewralda gunçalaýar, mart aýynyň ikinji ongünliginde bolsa gülleýär.
Wilsonyň çigildemi. Açyk-gyzyl, ýiti sary, okara görnüşli, düýbi guýguç şekilli, ýapraklary gara tegmilli çigildem Merkezi Köpetdagda, Arçabil, Gökdere, Çaýek, Duşak, Kelete, Germap ýaly ýerlerde ösýär. Ol aprel-maý aýlary gülläp, miweleýär.
Lemanyň çigildemi. Çigildemleriň iň täsin we owadan görnüşleriniň biri bolan Lemanyň çigildeminiň aýratynlygy onuň reňkiniň ýiti sarylygydyr. Reňki bilen görer göze saýlanyp duran bu çigildem Duşak, Mäne, Çäçe, Bathyzyň Gyzyljar, Akarçeşme, Murgap eňňitlerinde bitýär. Ol mart-aprel aýlarynda gülleýär, miwesi bolsa maý aýynda ýetişýär.
Boçansewanyň çigildemi. Gara-goňur reňkli bu gül Merkezi Köpetdagda – Almalyk deresinde külke topurly eňňitlerde bitýär. Ol güli ýeke, açyk-gyzyl reňkli bolup, aprel-maý aýlary gülläp, miweleýär.
Hakberdi GULÇAROW,
Merjen AKYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agroekologiýa hünäriniň talyplary.