
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Watanymyz tutuş dünýäde oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär, şol sanda sebit boýunça goňşy döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyny uly buýsanç bilen aýdyp bileris.
Türkmen hem-de täjik halklary asyrlaryň dowamynda dostlukly ýaşap, edil dogan ýaly agzybirlikde, ýakyn gatnaşykda bolup gelen halklardyr. Halk nakyllarynda «Dogan — dogana gala» diýlişi ýaly, iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem berk taryhy köklere daýanýar.
Türkmenistan bilen Täjigistan Merkezi Aziýada gapma-garşylyklaýyn ýagdaýlaryň döremegine ýol bermezlik, özara düşünişmegi, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, köptaraplaýyn bähbitleri berjaý etmek we nazara almak babatda çykyş edýärler. Täjigistan BMG-niň hem-de GDA, ÝHHG, YHG, ŞHG ýaly birnäçe iri halkara guramalaryň agzasydyr.
Belli bolşy ýaly, Täjigistan Respublikasynyň dürli künjeklerinde bu topraga duz nesibesi çeken türkmenleriň ençemesi kowçum bolup ýaşaýarlar. Olar Wahş derýasynyň golaýynda, Ýylyköl, Kumsangirsk, Kabodiýensk, Şaartuzsk, Hatlon we beýleki ýerlerde orun-ojak edinip, öz ýaşaýan ýurdunyň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler.
Täjigistan döwletinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň medeni bölümi hem işjeň hereket edýär. Täjigistandaky arkadaşlarymyz türkmen dilini, milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy giňden öwrenýärler we beýleki halklaryň arasynda wagyz edýärler, köpsanly dabaralary, maslahatlary, çäreleri geçirýärler. Olaryň geçirýän medeni çäreleri doganlyk täjik halky, şeýle hem bu döwletde ýaşaýan dürli milletleriň wekilleri bilen agzybirligi, dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Röwşen MYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.