
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň baş kanunydyr, türkmen halkynyň bagt kanunydyr. Baş Kanunymyz türkmen döwletiniň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň kepilidir.
Konstitusiýamyzda döwlet gurluşymyz, döwlet nyşanlarymyzyň şekilleri we ölçegleri, raýatlaryň hukuklary we borçlary anyk kesgitlenendir. Türkmeniň ata-baba milli ýörelgelerine daýanýan we halkara kada-kanunlaryndan ugur alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň baş binýady bolup, halkymyzyň asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklanylmagy we indiki nesillerimize geçirilmegi, ýaş nesillerimiziň durnukly bilim almagy, sagdyn ösmegi, adamlaryň zähmete bolan hukugy ýaly kanuny esaslary kesgitleýär.
Adamy döwletiň esasy baýlygy diýip kesgitleýän Konstitusiýamyz halkymyzyň bagtyýarlygyny kepillendirýän bolsa, ýaşyl Baýdagymyz türkmeniň milli mertebesiniň nyşanydyr. Keşbi Baş Kanunymyzda kesgitlenen ýaşyl Tugumyz halkymyzyň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýär. Baky Bitaraplyk derejämiz halkymyzyň jebisligi, agzybirigi, asuda durmuşy ýaşyl baýdagymyzyň ýüzünde zeýtun şahajyklary, bäş sany haly göli, Aý we onuň ýanyndaky bäş sany ýyldyz arkaly aňladylandyr.
Özünde çuňňur many aňladýan şekilleri saklaýan ýaşaýyşyň ýaşyl reňkindäki döwlet nyşanymyz döwletliligiň, bagtyýarlygyň nyşanydyr.
Şu ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni we Baýdak baýramy dabaraly belleniler. Bu baýramçylygyň ähmiýetli aýratynlygy ‑ Konstitusiýa birnäçe il-ýurt bähbitli üýtgeşmeler girizilip, onuň has-da kämil derejelere ýetirilýändigindedir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy Türkmenistan döwletimiziň berkararlygyny, nesillerimiziň bagtyýarlygyny şekillendirýär. Ýaşyl baýdagymyz parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň nyşany bolup parlasyn!
Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.