Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmen telekeçileri halkara sergä çagyrylýar

09-05-2023 / 17

Türkmen telekeçileri 2023-nji ýylyň 14-17-nji maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän “Atakent” sergi merkezinde geçiriljek “Central Asia Houseware” atly öý hojalyk önümleriniň we durmuş elektronikasynyň 20-nji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Bu serginiň esasy maksady şol bir ugurda iş alyp barýan hünärmenler üçin köpugurly işewürlik platformasyny döretmek bolup durýar. Bu barada “Central Asia Houseware” atly serginiň web sahypasynda habar berilýär.

Şeýle hem sergi oňa gatnaşyjylara öz önümlerini görkezmäge, täze işewürlik gatnaşyklary gurmaga, eksport-import şertnamalary baglaşmaga, bazary we bäsdeşlige ukyplylygy öwrenmäge hem-de Merkezi Aziýa bazarynda işewürlik döretmäge amatly şert döreder.

Habarda bellenilişi ýaly, sergi dünýäniň dürli künjeginden öndürijileri we distribýutorlary bir ýere jemläp, onuň dowamynda gap-gaç önümleri, öý tehnologiýalary, öý goşlary, plastmassa önümleri we sowgatlyk önümler ýaýbaňlandyrylar.

Batyr NURMYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com