Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmen-täjik işewürlik maslahaty we sergi geçirildi

09-05-2023 / 5002

8-nji maýda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Düzümi ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym ulgamynyň hem-de işewürler düzüminiň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherine geldi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, çäreler, ilki bilen, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda guralan Täjigistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Sergi hyzmatdaş ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini beýan etdi.

Soňra Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşlyk boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň, senagat, energetika, dokma pudagynyň, gurluşyk, binagärlik, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ulgamlarynyň gazananlary, hususy kompaniýalaryň onlarçasynyň ýokary hilli önümleri, dürli ugurlar boýunça hödürleýän hyzmatlary görkezildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com