Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Konstitusiýa we Baýdak – goşa mukaddeslik

09-05-2023 / 5052

Esasy Kanunymyz — Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň şanly geçmişini, häzirki bagtyýar döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň beýan edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Şeýle-de bu goşa mukaddeslik halkymyzyň agzybirliginiň, dünýä dolan şan-şöhratynyň beýanydyr. Sebäbi halkymyz Esasy Kanunymyza daýanmak bilen, mukaddes Tugumyzy belentde parladyp, asyrlar boýy eden arzuwlaryny, beýik maksat-tutumlaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Dünýä döwletleri hem-de halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde nusgalyk işleri amala aşyrýar.

Baş Kanunymyz adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýär. Şundan ugur alnyp hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowana ak ýollaryndan röwşen geljegine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda her bir raýatyň azatlyklary hem-de hukuklary pugta goralýar. Sebäbi Konstitusiýamyz biziň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagymyzyň, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmegimiziň, okamagymyzyň hem-de mynasyp dynç almagymyzyň mizemez hukuk binýady bolup durýar.

Ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik tutumlaryň, öňe sürülýän oýlanyşykly başlangyçlaryň, ilkinji nobatda, Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Özgerişleriň, ösüşleriň durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa Esasy Kanunymyz täze tutumlara ýol açýar.

Selbi GARAÝEWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com