Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Dostluk nämeden başlanýar?!

09-05-2023 / 5081

Dostluk – ynsan durmuşynyň gözelligi, zynaty, bezegi. Dost – gözleriňe   seredip, seniň içki dünýäňi, oý-pikirleriňi görüp, duýup, syzyp bilýän köňül aýnasy.

Dostluk nämeden başlanýar?! Dostluk birek-birek bilen gadyrly görşüp, mahirli salamlaşmakdan, pikir alyşmakdan, ýakyn gatnaşyklardan, birek-birege hormat-sylag goýmakdan gözbaş alýar. Çyn, ýürekdeş dost, jora gazanmak isleseň, ilki bilen özüňde şirin sözlülik, pespällilik, belent adamkärçilik, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, merdi-merdanalyk, ýagşy niýetlilik, güler ýüzlülik, göwnaçyklyk, mylaýymlyk, şadyýanlyk ýaly gowy gylyk-häsiýetleriň bolmagy zerurdyr.

Dost ― seniň pynhan syryňy özünde saklap, derdiňi, şatlygyňy deň paýlaşýan, gerek ýerinde dogry, ýerlikli, paýhasly maslahat berýän iň ýakynlaryň biri. Gyz üçin ene iň ýakyn dostdur, ýürekdeş syrdaşdyr. Munuň özi gyz perzendiň eneden görelde alyp, edep-ekramly, görüm-göreldeli, asylly bolup ýetişmeginde ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär. Deň-duşuň bilen jora bolup, içki syrlaryňy we duýgularyňy paýlaşmak, islendik ýagdaýda birek-birege goldaw bermek bolsa dostlukdan, sylag-sarpadan nyşandyr. Kitap bilen dostlaşmak dünýägaraýşyňy giňeltmäge, bilimiň kämilleşdirmäge, dünýä  we durmuşa akyl ýetirmäge itergi berýär.

Dost seniň durmuşda düýpgöter özgermegiňe ýardam berýär. Ýürekdeş dostlaryň gylyk-häsiýetleri  ýa-da sözleýiş äheňi wagtyň geçmegi bilen birek-birege geçýär. Hakyky dost seniň käbir häsiýetleriňi ikiçäk ýagdaýda ýüzüňe aýdyp, ony düzetmegiňe hem-de kämilleşmegiňe goldaw berýär. Dost sarpasyny saklamak, onuň göwnüni götermek, dertdeş bolmak dost gatnaşyklarynyň has-da berk, jebis bolmagyna, pugtalanmagyna getirýär.

Aýbölek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com