
Şu ýyl Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna 78 ýyl dolýar. Bu tutuş bir ynsanyň ömrüne deň diýen ýaly. Şahyryň belleýşi ýaly, uruş ýyllaryny ýatlamak kyn, ýatlamazlyk mümkin däl. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş dünýäniň parahatçylyk söýüji halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň gije-gündiz arman-ýadaman çeken zähmetleriniň netijesidir.
1941 — 1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyny, söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, front üçin gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller hiç haçan unutmaz. Merdana watandaşlarymyzyň gahrymançylykly we gaýduwsyz durmuş ýollary nesiller üçin Watana, halka, tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň, wepalylygyň nusgalyk mekdebidir.
Bu günki gün ata-babalarymyzyň ene topraga beýik söýgüsi esasynda uly kynçylyk bilen gazanylan Ýeňiş baýramynyň ýaş nesillerimizi ar-namysly, Watana wepaly, mert we gaýduwsyz ruhda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr. Türkmenistan – parahatçylyk söýüji, asuda ýurt. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çäksiz uly aladalary bilen türkmen halky dünýä halklarynyň abadançylygyna, dost-doganlygyna ýol açýan beýik milletdir. Şeýle bagtly günlere ýetiren Watan gahrymanlaryna bolsa, ebedi şöhrat bolsun!
Bahar ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.