Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Watançylyk duýgymyzy artdyrýan mukaddeslikler

08-05-2023 / 5100

Bu gün il agzybirliginde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 31 ýyllygy garşylanylýar.

Özgerişleriň, ösüşleriň durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Esasy Kanunymyz täze tutumlara ýol açýar.

Ajaýyp haly gölli, Aý-ýyldyzly, zeýtun baldajykly, ýaşyl reňkli milli Tugumyz buýsançly pasyrdap, türkmen halkynyň baky bagtyny, nurana durmuşyny äleme äşgär edýär. Bu gün Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň esasynda Döwlet baýdagyny belentde parladyp, bagtyýar halkymyz ata Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň geljege nur çaýýan iň täze taryhyny döredýär. Amala aşyrylýan döwletli tutumlar, ägirt uly taslamalar diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem ykbalyna oňyn täsir edýär. Şonuň üçinem Döwlet baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň ymaratynyň öňünde, dünýäniň çar künjeginde buýsançly pasyrdaýar. Onuň pasyrdysynda ene  topragyny, ata Watanyny jany-teni bilen söýýän hem-de Arkadagly Serdarymyzyň daşynda mäkäm jebisleşen agzybir halkymyzyň şu güne yhlasy, nurana geljege mizemez ynamy, dost-doganlyga bolan belent sarpasy bar.

Esasy Kanunymyzyň kämilligi, Döwlet baýdagymyza goýulýan aýratyn hormat-sarpa, halkara bileleşiginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyza bolan dostlukly garaýyş hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenjekdiginiň mizemez kepilidir.

Ýazmyrat ALLANAZAROW,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com