Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan we sport diplomatiýasy

08-05-2023 / 5076

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň sport we saglyk syýasatynda halkara hem-de sebitara guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martyndaky 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi eziz Diýarymyzyň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde ähmiýetli tejribesi bolan, halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan ýurt bolup durýar. Muňa mysal edip, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesini, 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şeýle-de 2018-nji ýylda geçirilen “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisini we agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny hem-de beýleki halkara derejedäki ýaryşlary görkezmek bolar.

Şu ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişler, toplumlaýyn çäreler, Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz edýän hem-de olara eýerilýän ýurtdugyny ýene bir gezek äşgär etdi.

Berdimyrat GURBANOW,
“Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com