Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Täç geýdirmek dabarasy geçirildi

08-05-2023 / 5018

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III täç geýdirmek dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň şeýle-de, beýleki ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçirildi. Daşary ýurtlardan gelen döwlet Baştutanlary, ministrler we beýleki wekiliýet agzalary Westminstr ybadathanasyna ýygnandylar.

70 ýyldan soň geçirilýän täç geýdirmek dabarasyny synlamak üçin Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylary Bukingem köşgünden Westminstr ybadathanasyna çenli uzalyp giden ýoluň ugrunda ýygnandylar.

Beýik Britaniýanyň taryhynda ikinji gezek şeýle möhüm çäre göni ýaýlymda alnyp berildi. Dabara 1066-njy ýyldan bäri bolşy ýaly, Kenterber arhiepiskopy Jatin Uelbi Patyşasy Karl III täjini geýdirdi. Beýik Britaniýanyň 40-njy hökümdary bolan Patyşasy Karl III resmi taýdan patyşalygy ykrar edildi. Şa aýaly konsort Kamilla hem täç geýdirilendigini bellemek zerur.

Meýlis HOJAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com