Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Watan gahrymanlaryna şöhrat bolsun!

07-05-2023 / 5043

Watan goragy mukaddesdir. Biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi  1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda öz janyny gurban edip, asuda we parahat durmuşy  saklap galdylar, 1418 gije-gündize çeken söweşleriň sahypasyna şöhratly atlaryny ýazdylar.

Watan gerçekleri bakydyr, olaryň geçen şöhratly ýoly biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Watan üçin söweşip, ýalynly ýyllaryň içinden geçip, juwan ýaşlygy şol ýowuz ýyllara gabat gelen weteranlarymyz bu gün uly hormat-sarpa, hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalýar.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň hormatyna her ýylda ýurdumyzda Ýeňiş güni bellenilip geçilýär. Watan gerçekleriniň deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligi ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Uruş weteranlarymyz şu günki gün bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda, parahat ýurtda, jenneti mekanda ýaşaýandyklaryna buýsanýarlar. Olar täze taryhy eýýamda bagtyýar türkmen halkynyň gazanýan üstünligine, belent sepgitlerine guwanyp, özleri hakda edilýän ummasyz aladalar, döredilýän şertler üçin eziz  hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarlar. Bimöçber aladalar gahrymanlarymyzyň ömrüne ömür goşýar.

Miwe NURYÝEWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com