
5-nji maýda Aşgabat şäherindäki «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri şeýle kesgitlendi:
- Baş baýrak — Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Amanmyrat Ataýew;
- 1-nji orun — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Mekan Hojamyradow;
- 2-nji orun — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Yslam Amangulyýew;
- 2-nji orun — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Hemra Kakajanow;
- 3-nji orun — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ezizmyrat Meläýew;
- 3-nji orun — Döwletmmämet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby Abdylla Aşyralyýew;
- 3-nji orun — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Hanjar Ödäýew.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
«TürkmenGazet».