Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Ýapon milli tagamlary

07-05-2023 / 5011

Haýsy-da bolsa bir döwletiň durmuş medeniýetini, milli aýratynlygyny ýüze çykarýan tapawutlaryň biri hem aşhanadyr. Milli tagamlar–saçagyň bezegi, myhmansöýerligiň nyşany.  Şeýle nygmatlara baý bolan ýapon aşhanasy dünýäde meşhurdyr. Ýapon tagamlarynyň käbiri bilen tanyşmak okyjylar üçin gyzykly bolar diýip pikir edýäris.

Ýapon saçagynyň milli aýratynlyklary, göräýmäge, beýleki Gündogar Aziýa ýurtlarnyňka meňzeş hem bolsa, ol tagam taýdan-da, taýýarlanyşy taýdan-da düýpgöter tapawutlanýandyr. Iň ýönekeý we täsin tarapy bolsa olar bişirýän tagamlarynda ýag we beýleki ys beriji serişdeleri az mukdarda ulanýarlar. Has dogrusy ulanylmaýar diýen ýalydyr. Şeýle etmek bilen tagamlarynyň has-da lezzetli bolmagyny gazanýarlar.

  1. Nohutly palaw: Bu tagam Ýaponiýada iň bir ýörgünli Olar esasan bu tagamy öýlänlikde we agşamlykda taýýarlaýarlar. Ertirlikde bolsa ýaponlar gaýnadylan tüwini çig ýumurtga, soýa şiresi ýa-da beýleki şireli suwlara garyşdyryp garbanmagy halaýarlar. Ýapon palawy ýag, duz we beýleki tagam berijiler goşulman, diňe suwda gaýnadylyp bişirilýär. 
  2. Saşimi: Dürli görnüşli balyklardan taýýarlanylýan bu tagam çigligine iýilýär. Bişirilmän iýilýän etleriň nähili derejede lezzetliligi bolsa, ýapon aşpezleriniň gizlin syrlarydyr. Adatça bu nahar soýa sousyna ýa-da beýleki souslara batyrylyp iýilýär.
  3. Okonomiýaki: Bu nahar un, kelem, et, we deňiz önümleri bilen taýýarlanylýan bir tagam bolup, “Ýaponiýa pizzasy” diýlip atlandyrylýar. Restoranlarda hamyry we beýleki önümleri aýry-aýrylykda saçaga getirilýär. Müşderi islegi boýunça özleri taýýarlaýarlar. Ýapon aşpezleri tagamlaryň lezzetliligi bilen bir hatarda onuň daşky şekliniň özüne çekijiligini hem unutmaýarlar.
  4. Sukiýaki: Bu tagam beýleki tagamlardan has üýtgeşik bolup, stoluň üstünde elektrik gyzdyryjylary bolup, onuň hem üstünde içi gaýnag suwly gap goýulýar we saçaga alynýar. Bu naharda inçe kesilen et, köp görnüşli otlar we beýleki işdäaçarlar, kömelekler we “de tofu” çig ýagdaýda  gyzgyn suwly gap bilen bile saçaga getirilýär.  Bu nahary iýmek islänler naharyň gapdaly bilen getirilen nygmatlary gyzgyn suwa batyryp gyzdyryp , ony hem ellerindäki içi çig ýumurtgaly käselere bulap iýip bilerler.
  5. Suşi: Ýapon tagamlar diýlende ilki bilen “Suşi” akylyňa gelýär. Elbetde bu tagam ýapon saçagynyň bolmasa bolmazlaryndandyr. Ýöne bu tagam köpleriň pikir edişi ýaly “çig balyk” bolman, diňe suşi sirkesi bilen taýýarlanan suşi palawly nahardyr. Bu tagam dünýä ýüzünde meşhur bolup abraýly naharhanalarda hem taýýarlanyp halk köpçüligine hödürlenýär.

6. Tempura: Bu hem “Suşi” derejesinde ýapon aşhanasyny dünýä tanadan tagamdyr. Bu nahar çörek owuntyklaryna batyrylan deňiz önümleri, işdäaçyjy otlar ýa bolmasa kömelekleri gyzgyn ýagda gyzardylyp bişirilýär. Aslynda bu tagam XVI asyrda protekizliler tarapyndan Ýaponýa getirilipdir, ýöne şeýle bolsa-da ol dünýäde ýapon milli tagamlary diýlip tanalýar.

Owadan ALIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com