
Ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş merkezlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynda hem bu howply keseliň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Lukmanlar howply täze döremeleriň iň wajyplarynyň biri bolan öýkendäki howply täze döremäniň öňüni almak we bejermek boýunça hem tejribesini artdyrýarlar.
Öýken howply täze döremesi bronhlaryň nemli gatlagynyň epiteliýasynyň, öýken alweolalarynyň we bronhiolalarynyň mäzlerinden bölünip çykýar. Ol dünýäniň 20-den gowrak döwletinde, esasan, erkek kişileriň ömür tanapynyň wagtyndan ir üzülmegine sebäp bolýan ýagdaýlaryň biridir. Has takygy, keseliň bu görnüşi zenanlara seredeniňde, erkeklerde 8 esse köp gabat gelýär. Öýkende howply täze döremäniň kemala gelmeginde daş-töweregiň howasynyň orny hem uludyr. Öýkeniň rubesli sowuklamasy we onuň wagtynda bejergisiz galmagy hem bu keseliň sebäbi bolup biler.
Keseliň ýokuşyjylyk häsiýeti hem bardyr. Öňi alynmadyk ýagdaýynda ol maşgalada üç adama çenli ýokup bilýär. Şeýle hem anamnezinde köpçülikleýin ilkinji çişleri bolan, hapa şertlerde işleýän we ýaşy 50-den geçen öýken keselleri bolan adamlarda bu keseliň döremek ähtimallygy ýokary. Şonuň üçin hem şu howp toparlaryna degişli adamlarda öňüni alyş çärelerini geçirip durmaly. Öýkeniň dowamly kesellerini öz wagtynda bejermeli.
Ýokarda görkezilen iş şertlerinde zähmet çekýän watandaşlarymyza ýygy-ýygydan onkologiýa barlagyndan geçip durmagy maslahat berýäris. Çünki keseliň öňüni almak ony bejermekden has aňsatdyr. Adam üçin iň gymmatly zat bolsa saglygydyr.
Neşekeşlik we çilimkeşlik hem adam bedenine özüniň heläkleýji täsirini ýetirip, olar aşgazanyň, gyzylödegiň we öýkeniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Her ýylyň maý aýy bolsa bu howply kesellere, ýagny „Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreş“ aýy diýlip yglan edilýär. Bu ugurda welaýatymyzda hem birnäçe işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş merkezlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynda hem bu howply keseliň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda çilimkeşligi we neşe serişdelerini aradan aýyrmak maksady bilen döwlet derejesinde işler amala aşyrylyp, ata Watanymyz Ýer ýüzünde bulardan arassalan döwlet hökmünde göreldedir. Türkmenistan temmäki tüssesinden azat döwlet hökmünde BSGG-niň ýörite güwänamalaryna hem mynasyp boldy.
Tahyr TOÝLYÝEW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň müdiri.