Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Baglar we saglyk

03-05-2023 / 5055

Bag ekmegiň örän köp peýdaly taraplary bardyr. Olar diňe bir gözellik üçin ekilmän, eýsem, howanyň arassa saklanmagyna hem oňaýly täsir edýär. Baglaryň arasynda adam özüni rahat, ruhy taýdan oňat duýýar. Olar tebigatdaky suw akymlaryny sazlaýar. Haçan-da ýagyş baga düşende, onuň bir bölegi ýapraklaryna siňýär. Galan bölegi birnäçe minutyň dowamynda ýere siňýär. Şeýlelikde, baglar batgalyklaryň emele gelmeginiň öňüni alýar. Olar kömürturşy gazyny özüne siňdirip, kislorod bölüp çykarýarlar.
***
Baglar çagalary ultramelewşe şöhlelerden hem goraýar. Eger-de çagalar saýa düşýän ýerlerde, ýagny bagyň kölegesiniň düşýän ýerinde oýnasalar, Günüň zyýanly şöhlesinden goranyp bilerler.
***
Bir alma agajy 300 kilogram miwe berip bilýär.
***
Baglaryň arasynda gezýän hassalaryň tebigatdan üzňe hassalardan has çalt gowulaşýandygy alymlar tarapyndan subut edildi.
***
Söwüt agajy özüniň adamlara berýän rahatlandyryjy täsiri bilen tapawutlanýar. Bu agaç ýokary gan basyşy bolanlar, şeýle-de nerw ulgamynyň kesellerinden ejir çekýänler üçin peýdalydyr.
***
Dagdan agajy adama şatlyk, ruhubelentlik getirýär. Bu agaç ýatkeşligiň ýokarlanmagyna, beýniniň işleýşiniň gowulanmagyna ýardam edýär.
***
Gaýyň agajy ruhy güýjüň agajydyr. Ol zenanlaryň söýgüli agajy bolup, özüniň gözelligi bilen tapawutlanýar.

Taýýarlan Nurana KABULOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com