Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

TÜRKMENISTAN – ÝAPONIÝA: bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

02-05-2023 / 5041

Şu ýylyň 27-nji aprelinde türkmen wekiliýeti Tokio şäher häkimligine amala aşyran saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň paýtagtynyň ylym-bilim pudagyndaky işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Ýaponiýanyň Halkara gatnaşyklar institutynyň Baş direktory, professor Tomiko Içikawanyň arasynda akademiki hyzmatdaşlygy we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesi boýunça duşuşygyň geçirilmegi, 28-nji aprelde Soka uniwersitetinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan ýaşlar syýasaty boýunça tegelek stoluň geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim pudagyndaky gatnaşyklaryň barha ilerlemeginde, ýaşlar syýasatynyň ösdürilmeginde nobatdaky täze sahypa boldy. Tegelek stoluň barşynda taraplar geljekde iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda onlaýn okuwlary, ylmy-amaly maslahatlary, we seminarlary geçirmek, talyp we mugallym alyş-çalşygy, neşir işleri alyşmak we makalalary ylmy žurnallarda çap etmek ýaly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary derejedäki şeýle işleriň alnyp barylmagy türkmen we ýapon ýaşlaryna berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrmagynda uly orna eýedir. Hyzmatdaşlygyň bu ugry ýyllaryň dowamynda ösdürilip täze derejelere çykdy.

Dünýä jemgyýetçiliginiň aňynda Ýaponiýa bilimiň ýurdy hökmünde janlanýar. Ýurtda uniwersitetleriň 1200-den gowragynyň jemlenmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Munuň şeýledigine iki ýurduň bilim pudagynda barlaglary geçirmekde özara alyş-çalyş etmek boýunça halkara okuw maksatnamasyna beren ýardamy üçin Gahryman Arkadagymyza Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň «Hormatly doktory» diýen ylmy adyň berilmegi şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Özara ylalaşygyň netijesinde geçen ýyllaryň dowamynda ýaponiýaly mugallymlaryň we talyplaryň birnäçesi türkmen we rus dillerini öwrendiler, şeýle-de türkmen ýaşlaryna ýapon dilini öwretmek işine goşant goşdular. Türkmenistanly ýaş mugallymlardyr talyplar Sukuba uniwersitetinde okuwda bolup, ýapon dili boýunça bilimlerini has çuňlaşdyrýarlar.

Ýaponiýada öndürilen awtomobiller, dürli tehniki enjamlar biziň durmuşymyzda ymykly ornaşdy. Ýurdumyzyň zawoddyr fabriklerdäki oturdylýan enjamlaryň köpüsi Ýaponiýada öndürilendir. Şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasynda hem “Sony”, “Canon”, “Yamaha” ýaly Ýaponiýanyň dünýä meşhur kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary oturdyldy. Munuň özi talyplaryň täze tehnologiýalardan doly baş çykarmagyna, nazaryýetde alan bilimlerini amalyýet bilen utgaşdyrmaga, tejribelerini kämilleşdirmäge, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyna oňyn täsir edýär.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com