Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ýylyň iň täsirli ýyldyzlary «Time 100 Gala»-da duşuşdy

01-05-2023 / 5045

Her ýyl «Time» žurnaly tarapyndan gurnalan we ýylyň iň täsirli atlarynyň gatnaşmagynda «TIME 100 Gala» gyzgalaňly ýagdaýda geçirildi.

2023-nji ýylda öz eserleri bilen ýylyň dowamynda täsir galdyran meşhurlar şeýle-de, realiti şou ýyldyzy Kim Kardaşýan, Oskar baýragynyň ýeňijisi Ke Hýu Kuan we Salma Haýek ýaly meşhurlar bu şagalaňly gijä gatnaşdy.

Dünýäniň iň abraýly habar we syýasat žurnallaryndan biri bolan «Time» 2023-nji ýylyň iň täsirli 100 adamynyň sanawyny mälim etdi. Sanawda dünýä liderleri we işewür adamlar, hem-de güýmenje pudagyndan birnäçe adamlar bar. «White Lotus» tele seriýalynda rol alan Jennifer Kulidj gijäniň möhüm atlaryndan biri boldy. Ikonlaryň sanawynda «Coolidge», Bolliwudyň ýyldyzy Şah Ruh Han, Pedro Paskal, Iňlis şasy Çarlz we ýazyjy Salman Ruşdi ýaly meşhurlar hem gatnaşdy.

Şu ýylky geçirilen baýrak gowşurylyş dabaralaryndan eli boş gaýtmadyk «Hemme zat şol bir wagtyň özünde» filminde baş roly janlandyran Ke Hýu Kuan iň köp gözlenen atlaryň biri boldy.

Dünýä HOJAMÄDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com