
Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toý-baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün at-owazasy Äleme ýaň salýar. Halkymyzyň milli guwanjy bolan türkmen bedewi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Olaryň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, berk bedenliligi, ajaýyp häsiýetleri bolsa elmydama dünýä jahankeşdeleriniň, şahyrlaryň, ýazarlaryň dilinde wasp edilipdir.
Behişdi bedewler biziň taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize çuňňur ornaşypdyr. Geçmişimize nazar aýlasak, ökde, ussat seýisler bolup, olar gyzdan gylykly, ýelden ýüwrük, inçe bil, uzyn aýak, gamyş gulak atlary ýetişdirmek bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Hatda, seýislik käri ajaýyp sungata öwrülipdir.
Türkmen halky şeýle bedewlerimize diňe bir geçmiş taryhymyzda däl-de, eýsem, şu günümizde hem çäksiz guwanýar. Ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan bellenip geçilýär.
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “At ― türkmeniň guwanjy” atly ýaýbaňlandyrylan giňişleýin sergi hem hut gamyşgulak ajaýyp bedewlerimiziň baýramy mynasybetli gurnaldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesi bilen bilelikde guralan bu sergä S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we bilim işgärleri gatnaşdylar. Sergniň açylyş dabarasynda oňa gatnaşanlar öz çykyşlarynda behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirdiler. Şeýle-de, halkyň milli mirasyna we gymmatlyklaryna uly söýgi döretmekde, türkmen milli bedewlerini dünýä ýaýmakda edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.
Sergide muzeýiň gaznasyna degişli bolan at ýapynjalary, eýerler, agyzdyryklar, kilimden dokalan ýapynjalar, keçe, haly önümleri, torbalar, türkmen zergärleriniň bu owadan jandara bagyşlan eserleri, ýagny at şaý-sepleri ýerleşdirildi. Şeýle-de taryhy ýadygärliklerden tapylan toýundan ýasalan heýkeller hem-de ylmy maglumatlar goýuldy. Welaýatymyzyň görnükli suratkeşleri Türkmenabat şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şerif Hemraýew we Hemra Şükürowyň “Behişt guşy”, “Aýrylmaz dost”, “Çapyşyk” ýaly suratlary, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Babamyrat Garýagdyýewiň “Bedew” atly nakgaş eseri sergi zalyna aýratyn bezeg çaýyp, bu ýere gelen myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Heýkeltaraşlaryň bedewlerimizi wasp edip ýasan heýkelleri bolsa serginiň many-mazmunyny has-da artdyrdy
Oguljan MURADOWA,
Çärjew etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.