Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

«Ykdysady diplomatiýa» ýa-da «söwda diplomatiýa»

28-04-2023 / 5089

Ykdysady diplomatiýa Ýer ýüzünde has irki döwürlerden bäri ulanylyp gelinýär. Has dogrusy, XX asyryň dördünji çärýeginde halkara gatnaşyklaryň nazaryýetiniň we amalyýetiniň özbaşdak çägine öwrülýänçä, «ykdysady diplomatiýa» adalgasy «söwda diplomatiýasy» ady bilen atlandyrylypdyr. Häzirki zaman ykdysady diplomatiýasynyň peýda bolmagy we onuň dünýä syýasatynda we halkara gatnaşyklarynda rolunyň ýokarlanmagy dünýä ykdysadyýetiniň we diplomatiýasynyň ösüşiniň çäklerinde bolup geçýär.

Ykdysady diplomatiýanyň  serişdeleriniň kömegi bilen ýurduň halkara ykdysady gatnaşyklaryna amatly şert döredýän we dünýä bazarynda ýurduň garaýyşlarynyň güýçlenmegine ýardam edýän dünýä hojalyk ýagdaýyny döretmek bolup durýar. Şonuň üçin ykdysady diplomatiýanyň  esasy wezipeleri halkara giňişliginde ýurduň uzak möhletli maksatlaryna ýetmegini gazanmagydyr; dünýä hojalygyna goşulmagyň deň hukukly we hukuklaryň kemsidilmeýän şertlerini, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda peýdalaryny we artykmaçlyklary üpjün etmekdir; ählumumy bazarda ýurduň söwda-ykdysady bähbitlerini goramakdyr; milli ykdysadyýete täsirli daşky baýlyklarynyň çekilmegine ýardam etmekdir. Ýagny, ykdysady diplomatiýa – munuň özi milli ykdysady bähbitleri goramakdyr, halkara zähmet bölünişiginiň çäklerinde döwletiň halkara bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdyr. Durnukly ählumumy ösüşiň üpjün edilmegine ýardam etmekdir.

Umuman, diplomatiýa ýaly, ykdysady diplomatiýa hem daşary syýasatyň, döwletiň halkara işiniň aýrylmaz bölegidir. Eger-de diplomatiýa – bolup biläýjek zadyň sungaty bolýan bolsa, onda ykdysady diplomatiýa – mümkin boldygyça, az harajat çykarmak bilen halkara ykdysady hyzmatdaşlykdan has köp peýda görmegiň sungatydyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi daşary ykdysady işe degişli  ähli döwlet wezipeleriniň çözgüdine gatnaşýar. Olaryň arasynda dünýä söwda ulgamynyň ösüşiniň gidişinde Türkmenistanyň  bähbitlerini üpjün etmek, halkara ykdysady guramalarda milli garaýyşlary goramak, dünýäniň ykdysady ulgamyna Türkmenistanyň özüne amatly şertlerde üstünlikli goşulmagyna ýardam etmek ýaly wezipeleri bardyr.

Dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy türkmen ykdysady diplomatiýasynyň öňünde täze wezipeleri goýýar, halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda olaryň işjeňleşdirilmegini talap edýär. Häzirki wagtda ykdysady diplomatiýanyň üstünliginiň esasy ölçeglerinden biri bolup hyzmatdaşlar bilen bähbitleriň deňagramlylygyny tapmak bolup durýar.

Begenç NURALYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com