Türkmenistanyň howa flotunyň üsti «Airbus» ýük uçarynyň ýene biri bilen ýetirildi
28-04-2023 / 5056
27-nji aprelde paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Airbus A330-200P2F» kysymly ýük uçary gelip gondy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman uçarlarynyň ikinjisidir.
“Türkmenhowaýollarynyň” Merkezi Aziýada ilkinji bolup, “Airbus A330-200P2F” kysymly uçarlary satyn alandygyny bellemek gerek. Pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, şunuň ýaly häzirki zaman uçarlarynyň satyn alynmagy milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, bu ugurdaky islegi kanagatlandyrmaga, howa ýük gatnawlaryny ýokary derejede amala aşyrmaga hem-de hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam berer.
Bu ýük uçarlary dürli möçberdäki ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenendir. Uçarlaryň uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowrakdyr hem-de olar 60 tonna çenli ýük daşamak mümkinçiligine eýedir. Uçaryň elektron enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy işläp taýýarlamalar peýdalanylandyr.
«TürkmenGazet».