Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Bilim binýadyny berkitmek ugrunda

28-04-2023 / 5030

Ýaşlarymyzyň geljekde döwrüň talabyna laýyklykda ýokary derejelerde taýýarlykly hünärmenler hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň at – abraýyny has–da belende götermekleri, ösen tilsimatlardan başarjaň peýdalanmaklary barada hem bimöçber işler durmuşa geçirilýär.Gysga wagtyň içinde ähli bilim edaralarynda uly özgertmeler bolup geçdi. Ýurtda täze çagalar baglarydyr, orta we ýokary okuw mekdepleriniň aglabasy gurlup,ulanylmaga berildi. Şol bilim edaralary diňe bir özleriniň binagärlik sungatynyň iň owadan hem kaşaň ymaraty bolman,eýsem, olar ylmyň soňky gazanan üstünlikleri bolan tehniki enjamlary bilen üpjün edildi.

     Ýurtda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleri mydama üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyz bilim işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri goýmak bilen: “Nesil terbiýesi biziň öňümizde duran esasy meseleleriň biridir. Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, olaryň hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri meniň baş aladamdyr.” diýip, parasatly belläp geçdi. Hakykatdanam Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaşlarmyzyň giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, ata – babalarymyzyň nusga alarlyk häsiýetlerini özünde jemläp, çuňňur bilim almaklary üçin bar bolan ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin oňaýly şertleriň döredilmegi barada hem uly aladalar edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz bilimiň derejesini, hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär, jemgyýetimiziň ähli wekillerini, ilkinji nobatda, ýaşlary häzirki zaman ylymlaryny öwrenmäge, ýokary tehnologiýalary özleşdirmäge çagyrýar. Çünki ylym-bilim Watanymyzyň gelejegini rowaçlandyrýan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryň biridir. Nesilleriniň sowatly, ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy dünýä ýüzünde Watanyň şan-şöhratynyň artmagyna getirýär.

Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly bilim we ylym merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, şol döwletlerde öz talyplarynyň sanynyň ep-esli artdyrylmagyny gazandy, halkara ylmy barlaglara, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara alyşmalara hem-de akademiki maglumat ulgamyny ösdürmäge gatnaşmagynyň çägini giňeltdi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň  durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty hem-de milli bilim ulgamynyň ýokary ösüş derejesi daşary ýurtly talyplar we mugallymlar üçin Türkmenistanyň özüne çekijiligini şertlendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna daşary ýurt dillerini öwretmek üçin daşary ýurtly hünärmenler çagyrylýar. Bu bolsa milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri – täzeçe pikir edýän alymlaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde edilen aýgytly ädimdir.

Ergeşbaý ROZYÝEW,
Çärjew etrabyndaky 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň taryh mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com