Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTehnologiýa

Ýokary tizlikli ulaglar öňe saýlanýar

27-04-2023 / 5039

Öndürilip başlananyna 120 ýyldan gowrak wagt geçen awtoulaglaryň häzirki wagtda ýüzlerçe görnüşleri bardyr. Esasan, ýük we ýolagçy gatnawlary üçin ulanylýan ulaglar sport maksady bilen hem peýdalanylýar. Gündelik durmuşda ulanmaga niýetlenen ulaglar bilen bir hatarda, ýörite maksatlar üçin çykarylan ulaglar hem az däl. Beýleki islendik harytda bolşy ýaly ulagyň hem köpçülikleýin öndürilýänleriniň bahasy köpler üçin elýeterli.

Emma az sanly ýa-da diňe biri öndürilýän, şeýle hem eýesiniň islegine görä soň üýtgedilýän ulaglaryň bahasy has gymmat bolýar. Gysga wagtda bat alýan, ýokary tizlikli sport ulaglary hem gymmatly bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu ulaglaryň käbiri satmak üçin öndürilýän hem bolsa, käbiri kompaniýanyň tehnologiýa babatda ýeten derejesini mahabatlandyrmak üçin ýörite işlenip taýýarlanýar. Şeýle ulaglar köplenç tizlik rekordy goýmak maksady bilen hem dizaýn edilýär. «Bugatti», «Ferrari», «Mercedes-Benz», «Koenigsegg» we «Pagani» ýaly kompaniýalar ýokary tizlikli ulaglary öndürmekde öňe saýlanýar.

«Rolls-Royce Boat Tail». Bu ulag «Rolls-Royce Motor Cars» iňlis kompaniýasy tarapyndan öndürildi. Beýik Britaniýadaky «Goodwood» dizaýn we önümçilik merkezinde döredilen ulagyň dizaýny 1910-njy ýyldaky «Rolls-Royce Ltd Boat Tail» awtoulaga meňzedilipdir. Bu ulag awtoulag hereketine açyk ýollarda sürmäge niýetlenen iň gymmat ulag hasaplanýar. Yz tarapynda bäş sany elektron dolandyryş bölümi bolup, ulagyň tizlik geçirijisi mehaniki usulda dolandyrylýar. Yz tarapynda bolsa iýip-içmek üçin ýörite stol, içgiler we iýmitler üçin ýörite sowadyjy, açylyp-ýapylýan oturgyçlar we saýawan göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem ulagyň içinde, öň tarapda Şweýsariýanyň «BOVET 1822» kompaniýasynyň öndüren iki sany sagady ýerleşdirilipdir. Sagatlaryň biri ulaga oturdylan bolsa, beýlekisi goşar sagady bolup, ony goýmak üçin ýörite ýerjagaz ýasalypdyr. Bary-ýogy biri öndürilen bu ulagyň bahasy 20 million funt sterlinge deň. Ulagyň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň maý aýynda geçirildi. Mundan ozalky rekord 2019-njy ýylda öndürilen we 11,5 million funt sterlinge satylan «Bugatti La Voiture Noir»-e degişlidi.

Kompaniýa «Rolls-Royce Ltd Boat Tail»-iň ýene-de ikisini öndürmegi maksat edinýär. Üsti açylyp-ýapylýan ulagyň uzynlygy 5,8 metre barabar bolup, 6,75 litrlik goşa turboly V12 hereketlendirijisiniň kuwwaty 563 at güýjüne barabar.

«Bugatti La Voiture Noire». Bahasy 18,7 million dollar bolan «Bugatti La Voiture Noire» iň gymmat awtoulaglaryň biri hasaplanýar. Ulag Bugatti dizaýneri Etenom Salome tarapyndan dizaýn edildi. Umumy kuwwaty 1479 at güýjüne barabar bolan dört sany 8.0 litrlik, W16 turbo hereketlendirijisi oturdylypdyr. Ýokary tizligi sagatda 400 kilometre barabar bolan ulag, 0-dan 100 km/sag tizlige 2,4 sekuntda ýetýär. «Bugatti Type SC57 Atlantic» tarapyndan ylham alan ulagyň soňky wersiýasy dünýä premýerasyndan iki ýyldan gowrak wagt geçensoň, ýagny 2021-nji ýylyň 3-nji iýunynda hödürlendi.

«Mercedes-Benz Maybach Exelero». Bu ulag Germaniýanyň «Goodyear» kompaniýasynyň şahamçasy «Fulda» tarapyndan öndürildi. 2004-nji ýylda ilkinji gezek işe girizildi. Ulag 690 at güýji we goşa turbo V12 hereketlendirijisi bilen işläp, iň ýokary tizligi sagatda 350 kilometre barabardyr. Ulagyň içki görnüşi hakyky deriden tikilen oturgyçlary bolup, daşky görnüşi neopren, alýumin, ýalpyldawuk uglerod süýüm bilen dizaýn edilip, diňe iki adamy kabul edip bilýär. Awtoulag Italiýada «Stola» Turin şäherinde öndürildi we 2005-nji ýylyň maý aýynda ilkinji görnüşi görkezildi.

Taýýarlan: Myrat GUWANJOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com