Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi

27-04-2023 / 5069

26-njy aprelde paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi.

Assosiasiýanyň nobatdaky mejlisi Halkara ahalteke atçylyk we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda geçirildi. Bu ýerde guralan sergide şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk we zergärçilik sungatynyň eserleri, behişdi bedewlere bagyşlanan fotosuratlar görkezildi.

Mejlisiň gün tertibine birnäçe meseleler, şol sanda assosiasiýa täze agzalary kabul etmek, dünýäde ahalteke atçylygyny ösdürmek maksady bilen, netijeli işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Foruma gatnaşyjylar milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan atşynaslyk däplerini gorap saklamak we ösdürmek meselelerinde berýän hemişelik ünsi hem-de goldawy üçin hormatly Prezidentimiz, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com