
Türkmenistanda döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlarynyň işini kämilleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynda sanly ulgamyň aýratyn ähmiýeti bar. Sanlylaşdyrmak işi ýurtda diňe ösüşiň durnukly we oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwür bilen aýakdaş gitmegi, işleri halkara standartlaryna laýyk guramagy, töwekgelçilikleriň we nätakyklygyň aradan aýrylmagyny üpjün edýär. Ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ulgama geçmek her bir pudak üçin zerurdyr. Resmi web-saýtlaryň döredilmegi, internet saýtlaryň we sahypalaryň açylmagy bilen pudagara we ulgamara işler has-da ýeňillikli alnyp barylýar.
Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle hem bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanylmagy netijesinde sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän köp taraply işleriň anyk ugurlary, maksatlary, öňde durýan wezipeleri kesgitlenilýär. Bilim edaralarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi, olaryň bir bitewi internet toruna birikdirilmegi sanly ulgama tiz geçmäge giň mümkinçilikleri açýar. Bu ugurdaky işleriň ählisi ýaş nesliň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, ukyplaryny hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir.
Sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen uzak aralykdan tejribe sapaklarynyň, wideoşekilli maslahatlaryň, onlaýn okuwlaryň guralmagy, bilim edaralarynda interaktiw-multimedia programmalaryň ulanylmagy ulgamyň işiniň döwrebap derejede guralýandygyny görkezýär. Tapgyrma-tapgyr durmuşa ornaşdyrylýan ähli işler berilýän bilimiň mazmunyny çuňlaşdyryp, onuň dünýä derejesine laýyk bolmagyna getirýär. Şeýle hem bu işler diňe bir bilim alýanlaryň däl, ilkinji nobatda, bilim işgärleriniň wagty tygşytlamak meselesini orta salýar. Ýagny az wagtyň dowamynda aňymyzy köp maglumatlar bilen baýlaşdyrmak mümkindir. Şeýle hem zerur bolan elektron hyzmatlar ýagny, elektron gazet-žurnallar, elektron gündelikler, elektron ýazgylar we beýleki gollanmalar hemişe elýeterlidir.
Batyr BAZAROW,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň informatika mugallymy.