Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Türkmen toýlarynyň bezegi

25-04-2023 / 5066

Türkmeniň geçmiş taryhyny atsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri, türkmen atlarynyň tohumyny kämilleşdirip, gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk atlary ýetişdiripdirler. Döwletimiz Garaşsyzlygyny alanyndan soňra, ýörite tohum atlary bakyp bejerip, olardan has kämil, owadan, ýyndam tohum atlary ýetişdirilýär hem-de olary dünýä aýan etmekde dürli çäreler geçirilýär.

Eziz diýarymyz gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň  ýurdudyr. Ahalteke bedewleri özleriniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen diňe bir türkmen halkynyň däl-de, umumyadamzadyň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň ata-babalary şöhratly Nusaý atlary tutuş dünýäniň atçylygynyň täji bolmak bilen çäklenmän, eýsem,  älem-jahana hakyky sungat eserini peşgeş beren gadymy türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň subutnamasyna öwrüldi.

Atalaryň pähiminden dörän nakyllaryň aňyrsynda türkmeniň öz atyna bolan söýgüsini, mähremligini, buýsanjyny doly görmek bolýar: «Säher turup, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Ataň barka, dost gazan, atyň barka ýol gazan», «At ýigidiň uçar ganaty, wepaly dostudyr». 1999-njy ýylda dünýäniň çempiony bolan Ýanardagyň buýsançly keşbi Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirildi. Türkmen öz behişdi bedewine bolan söýgüsini olary iň gözel haly önümleri, şaý-sepler bilen bezäp görkezýär.

Ähli döwürlerde-de türkmenleriň uçar ganaty ahalteke bedewine bolan söýgüsi bimöçberdir. Şeýle-de, türkmen atlaryny kyn gününde-de, toý gününde-de iň ýakyn hossary hökmünde görýär. Ata Watany ata çykyp gorapdyrlar, türkmen toýlarynda bolsa at oýunlaryny, at çapyşyklaryny gurapdyrlar. Her ýylda biziň ýurdumyzda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde milli bedew baýramy bellenilýär. Toý gününde türkmen bedewini has-da bezäpdir. Zergärler tarapyndan atlar üçin ýörite niýetlenip ýasalan dürli şaý-sepleri dakypdyrlar. Halkyň köňli, ýüregi, ykbaly, durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly türkmen bedewi owal-ahyr erkinligiň aýdymy diýmekdir, bedew atyň görki-görmegi, behişdi keşbi şol erkinligi döredýän gözellikdir.

Gadym döwürlerden bäri dowamly ýyllary külterläp gelýän ýelden ýüwrük bedewler halkymyzyň göwün syrdaşy bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerine goýýan hormaty, söýgüsi çäksizdir. Milli Liderimiziň buýsanjy bilen bedew atlarymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy barha rowaçlanýar. Behişdi bedewlerimiz özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, duýgurlygy bilen ynsanlary haýrana goýýar. Kalplarda orun alan, ynsanyň syrdaşy bolan türkmen bedewlerimiziň şan-şöhratyna ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde, bagşy-sazandalaryň şirin owazlarynda göz ýetirmek bolýar.

Häzirki wagtda türkmeniň tohum ahalteke atlaryny ýetişdirmekde derwaýys işler alnyp barylýar. Türkmen bedewlerini altyn şaý-sepler bilen bezäp, at çapyşyklary, at üstündäki oýunlar guralyp, toý-baýramlarymyzyň şatlyk-şowhuny belende göterilýär. Diýarymyzyň ähli ýerinde dünýä ülňülerine, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kaşaň atçylyk sport toplumlarydyr athanalar gurlup, ulanylmaga berilýär.

Muhammet GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com