Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Parahatçylyk üçin köptaraplaýyn diplomatiýa

25-04-2023 / 5061

Köptaraplaýyn diplomatiýa halkara gatnaşyklarynda täze bir hadysa däldir. Birnäçe ýurtlaryň arasynda döreýän aýry-aýry meseleleri, ýa-da meseleleriň toplumyny çözmegiň has täsirli serişdeleriniň biri hökmünde köptaraplaýyn diplomatiýa has irki döwürlerden bäri mälimdir. Biziň eýýamymyzdan öňki III we IV müňýyllyklarda ilkinji gadymy döwletleriň döremeginiň gidişinde olaryň arasyndaky gatnaşyklar ozal taýpalaryň we taýpa birleşmeleriniň arasynda bolan adatlaryň esasynda emele gelipdir.

Orta asyrlarda monarhlaryň, aristokratlaryň, iri we ownuk ýer eýeleriniň feodal garaşlylygynyň çylşyrymly köp basgançaklylygy bolupdyr. Bu ýagdaý köptaraplaýyn diplomatiýa üçin zerur bolan şertleri döretmändir. Täze döwrüň başynda Ýewropada köptaraplaýyn diplomatiýanyň ösmeginde Otuz ýyllyk urşuň soňuna çykan 1648-nji ýylyň Westfal kongresi örän möhüm basgançak bolupdyr. Bu kongresiň esasy üstünligi onuň halkara parahatçylygyny saklamagyň usuly hökmünde güýçleriň deňagramlylygyny saklamak üçin zerur bolan döwletleriň özbaşdak deň  hukuklylygy hakyndaky pikiri we ýörelgäni döretmegi bolupdyr.

2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Baş Assambleýa «Parahatçylyk üçin Halkara köptaraplaýynlyk we diplomatiýa güni» (A / RES / 73/127) 144 ses bilen karar kabul etdi. Şol karar arkaly Baş Assambleýa ähli agza döwletleri, synçylary we guramalary Halkara gününi degişli tertipde bellemäge we köptaraplaýynlygyň we diplomatiýanyň parahatçylyk üçin artykmaçlyklaryny, şol sanda bilim we jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmak çärelerini ýaýratmaga çagyrýar.

XXI asyryň başynda köptaraplaýyn diplomatiýa aýratyn giň ösüşe eýe bolup, bu ýagdaýy Ikinji jahan urşundan soň halkara gatnaşyklarynyň ählumumy häsiýete eýe bolup başlamagy, munuň netijesinde-de, BMG-niň döredilmegi bilen düşündirilse has ýerlikli bolýar. Munuň özi Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün eden harby-syýasy deňagramlylygyň esasyny döretdi. Şol bir wagtyň özünde gatnaşyklaryň dünýä ulgamynda döwletleriň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy üçin gurluş hökmünde BMG merkezi orny eýeledi.

XX asyryň aýagynda – XXI asyryň başynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşy, Günorta-Gündogar Ýurtlarynyň Assosiasiýasy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy ýaly döwletleriň toparlary döräp we berkäp ugradylar. Olar gabat gelýän bähbitleriň esasynda umumy meseleleri çözýärler. Şunlukda, bileleşikleýin garşy durmaklykdan köpugurly köptaraplaýyn diplomatiýa geçiş döwri bolup geçdi. Dünýä döwletleriniň aglaba bölegi diplomatiýanyň şu görnüşiniň gatnaşyklaryň has kämil ulgamyny döretmäge mümkinçilik berjekdiginden gelip çykýarlar.

Şeýle-de, halkara gatnaşyklarynyň «konsensus diplomatiýasyna» we «täze ählumumy öz-özüňi dolandyrmaklyga» esaslanýan täze ideologiýasy öňe sürülýär. Şol bir wagtyň özünde hem täze ulgamyň emele gelmegi bir döwlet ýa-da döwletleriň topary tarapyndan özleriniň gymmatlyklarynyň başga ýurtlaryň boýnuna dakylmazdan, basyşsyz, gapma-garşylyksyz, ählumumy ykrar edilen halkara hukugynyň çäklerinde  köptaraplaýyn diplomatiýa arkaly bolup geçmelidigi nygtalýar.

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk diňe bir ýurda peýdaly bolman, eýsem, ol ähli ýurtlara hem peýdalydyr. Hut şu günümiz we geljek nesillerimiz üçin has asuda, howpsuz, abadan dünýä ugrunda işlemek biziň  her birimiziň umumy jogapkärçiligimizdir.

Yslam DURDYMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com