Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarda delegatlaryň orny

25-04-2023 / 5035

Taryhyň sahypalaryny gatlaýan  ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň esasynda ýola goýulýan  halkara gatnaşyklary barha  ösýär we ýygjamlaşýar. Olar häzirki döwüriň meselelerini çözmeklige we gatnaşyklary jebisleşdirmeklige işjeň gatnaşýarlar. Köptaraplaýyn diplomatiýanyň üsti bilen delegatlar guramalaryň ýörelgelerini we maksatlaryny öňe sürmekde öz goşantlaryny goşýarlar. BMG-niň agza döwletleriniň wekilleri hem Baş Assambleýada, Howpsuzlyk Geňeşinde we guramanyñ beýleki esasy organlarynda öz döwletleriniň bähbitlerini goraýarlar.

Delegatlar BMG-a agza ýurtlaryň wekilleridir. Olar ylalaşyklary gazanmaklyk, döwrümiziň global meselelerini çözmegiň ýollaryny gözlemek, guramanyň ýörelgeleriniň we ideýalarynyň ösmegine goşant goşmak ýaly işler bilen meşgullanýarlar. Köptaraplaýyn diplomatiýanyň häzirki wagtda barha ösýändiginiň subutnamasy hökmünde global guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasyny mysal getirmek bolar.

Ýatlap geçsek, ilkinji gezek  bu halkara güni  BMG-niň döredilendiginiň 75 ýyllygyna bagyşlanylyp 2020-nji ýylda bellenilipdi. Delegatlaryň halkara gatnaşyklaryny amala aşyrmakdaky ähmiýetini göz öňünde tutup, Baş Assambleýanyň rezolýusiýasy esasynda 2020-nji ýyldan başlap her ýylyň 25-nji apreli halkara delegatyň güni diýlip yglan edildi. Rezolýusiýada Birleşen Milletler Guramasynyň statutynda öňe sürülen ýörelgeleri, has takygy, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda, ähli halklaryň sosial we ykdysady ösüşini üpjün etmeklik üçin halkara mehanizmleri ulanmakda we adam hukuklaryny berkarar etmekde ähmiýeti öňe sürülýär.

Umuman aýdanyňda, kämil  halkara gatnaşyklaryň binýadyny gurmaklygyň esaslandyryjylary bolup çykyş edýän wekilleriň güni häzirki wagtda has-da giňden we halkara derejesinde bellenilip geçirilýär.

Söýün ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com