Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Tehnologiýa

Sanly ulgamyň sansyz mümkinçilikleri

24-04-2023 / 5119

Döwür özgerip, dünýägaraýyşlar giňeýär. Şolar bilen bir hatarda aragatnaşyk ulgamy hem döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşýär. Hut şoňa görä-de, aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmak, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak zerurlygy ýüze çykýar. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna çalt depginler bilen sanly ulgam ornaşdyrylýar.

Innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi berip, täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar. Innowasion kärhanalaryň döredilmegi içerki bazaryň şeýle önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, jemi içerki önümde innowasion önümleriň möçberleriniň artmagyna, netijede, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Öňdebaryjy gazanylanlaryň we dünýäniň iň gowy tejribesini ornaşdyrmagyň hasabyna tehnologik özgerişlikleri amala aşyrmak ösüşiň, innowasion ykdysadyýeti döretmegiň, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ulgamyny kämilleşdirmegiň wajyp şertidir. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda döwrebap ýokary tehnologiýaly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen, dünýäniň tehnologik taýdan ösen döwletleri, abraýly halkara guramalary we iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk hem ýylsaýyn pugtalandyrylýar. Bu babatda sanly ulgamyň sansyz mümkinçilikleri bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň baýry ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sanly ulgam arkaly okuw sapaklar, ylmy-amaly maslahatlardyr tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler guralýar. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çäginde sanly bilim portalynyňdyr elektron kitaphana ulgamynyň hereket etmegi kärine ökde hünärmenleriň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmegi üçin zerur bolan ähli şertleri döredýär.

Döwletimizde sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşine uly itergi bermek bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze iş orunlaryny döretmäge, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Hudaýnazar BERDIÝEW,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersi mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com