
Bu gün türkmen halky gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýar. Öz halkyny Berkarar döwleti gurmaga çagyran Magtymguly:
«Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy»
diýip, eziz Watanyny mydama erkin durjak türkmen binasy hökmünde diňe pikir-hyýallaryna getiren bolsa, indi bu biziň bagtyýar zamanamyzyň durmuş hakykatyna öwrüldi. Şahyryň watançylyk hakdaky şygyrlary onuň ölmez-ýitmez döredijilik älemine aýratyn öwüşgin çaýýan gymmatlyk hasaplanýar. Ol özüniň jöwher paýhasyny siňdiren şygyrlarynda watansöýüjiligiň belent mertebesini, nusgasyny görkezýär. Şahyryň:
«…Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň»
ýa-da
«…Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz»
ýaly setirleri türkmen tire-taýpalaryny birleşip, mähriban topraga agzybirlikde gulluk etmäge çagyryş bolup ýaňlanypdyr. Şeýle-de dana Pyragynyň döredijilik dünýäsi her bir sözüniň ylham eleginden elenip, çeperçilik tärleriniň ulanylyşy, goşgy düzüş usullaryna ezberligi boýunça-da ýokary baha mynasyp bolýar. Akyldaryň dürdäne setirlerinden hem görnüşi ýaly, ol türkmen ýurduna, öz topragynyň gözelligine, batyr ýigitleriň gahrymançylygyna guwanypdyr, mähriban halkynyň mertebesini belent tutupdyr. Şonuň ýaly-da Magtymgulyny öwrenijileriň şahyryň watançylyk, gahrymançylyk, durmuş barada ýazan goşgularynyň taryhy taýdan anykdygyny, takyk mana we çeper obrazlara baýdygyny nygtaýandyklaryny-da bellemek gerek. Beýik şahyryň çuň paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edilip, giň halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazanmagy-da Pyragynyň köpugurly eserleriniň umumadamzat bähbitli ähmiýetinden habar berýär.
Magtymgulynyň watançylygy onuň diňe bir goşgy-gazallarynda jemlenmän, eýsem, onuň ady bilen baglanyşykly halkyň arasynda aýdylýan rowaýatlarda hem giňden suratlandyrylýar. Käbir setirleri atalar sözüne öwrülip giden, her sözi bir köşekli düýä deňelýän dana Pyragynyň şygyrlary nesilleriň aňynda müdimilik ýaşar.
Jahan GURBANOWA,
Darganata etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.