
Ýurdumyzyň çäklerindäki ýer-ýurt atlarynyň döreýşi dogrusynda dürli-dürli rowaýatlar bar. Halk arasynda Jigerbent galasynyň ady bilen baglanyşykly şeýle rowaýat saklanyp galypdyr. Bu rowaýatyň manysy soňra birnäçe ertekileriň mazmunyna siňip gidipdir.
Rowaýatlara görä, Hezret Aly bir tanymal adamyň toýuna myhman bolupdyr. Toýda at çapdyryp, göreş tutulypdyr. Göreşde birinji baýragy almaga Hezret Aly çykypdyr. Oňa birbada garşydaş tapylmandyr, ahyry märekeden bir ýaş ýigit güýjüni synamak üçin orta çykypdyr. Ol bu sebitlere uzak illerden gelen myhman ýigit ekeni. Bular bil tutuşyp, uzak göreşip biri-birini ýykyp bilmändirler. Hezret Aly öz ýanyndan: «Meniň bilen göreşip, ýykylman, uzak saklanyp bilýän ýokdy. Bu kimkä?» diýip, pikir öwürýär. Ol ýigide siňe seredip, öz ogludygyny bilip, oňa özüni tanadýar. Oglan kakasynyň bilinden tutup göreşenine utanyp, märekäni terk edip gidýär. Şol wagt ýer ýarylyp, ýaňky ýigit ýeriň içine girýär. Ýere girenden soň, ýer ýene ýapylýar. Hezret Aly bu waka gynanyp: «Jigerim bent boldy» diýipdir. Şondan soň bu gala «Jigerbent» ady berlipdir.
Durmuşda ulanylýan «Ýer ýarylmady, menem girmedim» diýen söz, megerem, şu rowaýat bilen bagly bolsa gerek. Başga bir rowaýata görä bolsa, bu ýeriniň howasynyň, tebigatynyň örän gowudygy, ýaşamak, gün-güzeran aýlamak üçin rysgally toprakdygy sebäpli «Bu ýere jigerimiz, ýüregimiz baglandy, bent boldy» manysynda hem «Jigerbent» diýlendigi nygtalýar.
Amanbibi SEÝITJANOWA,
Daşoguz şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.