
Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilip, olara ýurdumyzyň dürli pudaklarynda öz hünärlerine laýyklykda jogapkärli wezipeler ynanylýar. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylyp, ýaşlarymyzyň ady bilen bagly bolmagy hem döwrüň öňe çykaran derwaýyslygydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim- -terbiýe almaklary, ezber hünärmenler bolup ýetişmekleri, döwletiň hem jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmaklary üçin mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda täze bir ruhy ýokary göteriliş durmuşa geçýär.
Ýylyň başynda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Nobatdaky gurultaýyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsan, esasan-da, ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy bilen türkmen halkynyň belent ahlak ýörelgesinden ugur alnyp, döwletimizde ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Ýurdumyzda hünär-tehniki, orta hünär, ýokary hünär ulgamlarynyň bilim maksatnamalaryny özleşdirip, talyp ýaşlarymyzyň alan hünärlerine laýyklykda geljekde dürli ugurlarda işläp, Watanyň ösüşlerine we şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ýaş nesil baradaky alada Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna ýokary baha berilýär.
Behruz BAZAROW,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň başlygy.