
Kädidäki askorbin turşusy dümewden saplanmaga, B toparyň witaminleri ýadawlygy, gaharjaňlygy, ukusyzlygy aýyrmaga, A we E witaminleri ýygyrtlaryň öňüni almaga, T witamini agyr naharlary siňdirmäge, semizligiň garşysyna göreşmäge kömek edýär. Ondaky karotin käşir bilen deňeşdirilende 5 esse, sygryň bagry bilen deňeşdirilende bolsa 3 esse köpdür. Şol sebäpli göz kesellerinde kädi iýmek maslahat berilýär.
Merkezi Aziýanyň lukmançylygynda kädi deri keselleri üçin-de ulanylýar. Kädi bagyr, böwrek, ýürek-damar kesellerinde, bedendäki çişi aýyrmakda hem örän peýdalydyr. Buşukdyryjy serişde hökmünde kädi suwundan günde ýarym bulgur içmek maslahat berilýär. Ony süňňüňde duz çalşygy bozulanda, horlanmak üçin, ateroskleroz, garyn-içege, sarygetirme kesellerinde-de ulanyp bolar. Kädide demriň mukdarynyň köplügi sebäpli, ony ganazlykda ulanmak peýdalydyr. Bagyr kesellerinde arassalanan çig kädini iýmeklik maslahat berilýär. Eger-de çig iýesiňiz gelmese, ony bugdaý ýarmasy, tüwi bilen garyp, şüle görnüşinde bişirip iýseňizem bolar. Içegeleriň işini kadalaşdyrýandygy üçin, kädiniň içgatamada hem peýdasy köpdür.
Ata-babalarymyz bal bilen garylan kädi çigidini soguljanyň garşysyna ulanypdyrlar. Çünki çigidiniň düzüminde ýokary hilli iýmit ýagy bolup, onuň mukdary 32-52 göterime ýetýär. Awstriýa, Germaniýa, Rumyniýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda kädi çigidiniň ýagy dürli işdäaçarlary taýýarlamakda hem ulanylýar. Ondan başga-da kädiniň çigidinde sinkiň mukdary köp. Şol sebäpli sink ýetmezçiligi bilen bagly bolan düwürtige, ýagty goňaga garşy kädi çigidini çigitlemek maslahat berilýär.
Dünýägözel MUHANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.