Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Samos adalarynda doglan meşhur akyldar

Meşhur adamlaryň durmuşyndan

22-04-2023 / 5032

Özüniň baý ylmy hem-de döredijilik eserlerini nesillere miras goýan alymlaryň biri-de Pifagor Samosskiýdir. Taryhçylaryň bellemegine görä, alym b.e.öň 586-589-njy ýyllar aralygynda Samos atly grek adalarynda doglupdyr. Hut şu ýerde dogulandygy sebäpli oňa Sammosskiý diýipdirler. Onuň kakasyna Menesarh, ejesine bolsa Pertenis diýer ekenler. Alymyň kakasy zergärçilik bilen  meşgullanypdyr, ol gymmat bahaly daşlardan ajaýyp sungat eserlerini döredipdir. Ylmy çeşmelerdäki maglumatlara görä, onuň geljekde üýtgeşik zehinli adam boljakdygy hakynda hossarlaryna aýdypdyrlar.

Alymyň matematika, geometriýa ylymlaryndaky bitiren işleri aýratyn bellärliklidir. Her bir mekdep okuwçysy «Pifagoryň teoremasy» atly teorema bilen tanyşdyr. Ol bulardan başga-da, fizika, astranomiýa, lukmançylyk, aýdym-saz sungatyna degişli birnäçe ylymlar bilen hem meşgullanypdyr.

Pifagoryň ýaşlykdan sungatyň dürli  görnüşleri  bilen gyzyklanyşyny nazarda tutup, onuň ilkinji mugallymy Germodamas geljekki alymy saza, suratkeşlige, gramatika ugrukdyrypdyr. Mugallymynyň birnäçe eserleri, sazlary, goşgulary ýatdan öwretmegi, alymyň geljekde beýik derejelere ýetmegine, saz sungatyna degişli gymmatly işleri döretmegine sebäp bolupdyr.

Oňa ilkinjileriň hatarynda tebigatdaky owazlaryň barlygyny duýmaklyk başardypdyr. Alym öz tejribesi üçin dörtburçluk şekilinde ýarym iş gural, ýarym saz guralyny ýasapdyr. Grek sazandalary tebigatda goşmaça bäş owazyň bardygyna göz ýetirseler-de, olary açmakda kynçylyk çekipdirler. Haçan-da olar bu işe teoriýada çemeleşip ýörkäler, Pifagor oňa amalyýetde çemeleşip başlapdyr. Onuň owazlary duýmak üçin ýasan gurallary häzirki günlerimizde saz gurallary bolup hyzmat edýär.

Alym 18 ýaşynda  bilimini artdyrmak maksady bilen Ýegipede gitmekçi bolupdyr, ýöne onuň bu niýeti amala aşmandyr. Sebäbi şol döwürler Ýegipediň gapysy  grekler üçin ýapyk bolupdyr. Soňra ol Lesbos adalarynda bilimini artdyrmaga başlapdyr. Ol adada güýçli filosof  Ferekid Sirosskiden fizika, medisina, dialektika we beýleki ugurlar boýunça öwrenipdir. Adada birnäçe  ýyl ýaşandan soň, onda Milete gitmek we ol ýerde ýaşap ýören güýçli filosof Fales bilen duşuşmak islegi döräpdir. Alymyň bu arzuwy amala aşyp, 80 ýaşlaryndaky Fales Miletskidenem bilim alypdyr.

Ol tiz wagtdan öz döwrüniň güýçli alymy bolup ýetişipdir. Hususy mekdebini döredip, onda döreden usulyýetini ulanyp sapak beripdir. Sapak wagty diňleýjilere gürrüň etmek we soraglar bermek gadagan bolupdyr. Ol şeýdip okuwçylarda çydamlylyk, sabyrlylyk, dogumlylyk ýaly häsiýetleri terbiýeleäpdir. Alymyň okuwçylaryny  “pifagorçylar” diýip atlandyrypdyrlar. Ol okuwçy alanda olaryň bilim derejelerini, başarnyklaryny barlap, soň alypdyr.

Ýaşan ömründe örän köp işleri edip ýetişmegi başaran alym biziň eýýamymyzdan öňki 490-njy ýylda 80 ýaşynda aradan çykypdyr.

Myrat ATABALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bedenterbiýe mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com