Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...

Haýwanlar älemi

22-04-2023 / 5073

Balyklaryň käbir görnüşleri suwuň ýüzüne çykyp, 10 metre çenli ýokarlygyna towsup bilýär.

Dünýäde kit ýaly mähnet jandar ýokdur. Gök kitleriň agramy 187 tonna, diliniň agramy 4270 kilograma, ýüreginiň agramy 698,5 kilograma barabardyr.

Dünýäde iň az ýaşaýan jandar suw siňegi hasaplanýar. Ol bary-ýogy bir gün ýaşaýar. Oňa derek piller 70 ýyl, pyşbagalar 200-300 ýyl, kakadu totuguşy bolsa 300 ýyl ömür sürýär.

Düýeguşuň gözi beýnisinden uludyr. Onuň boýy 2,5 metre golaý bolýar. Agramy bolsa 150 kilograma barabar. Ol sagatda 65 kilometr tizlik bilen ylgap bilýär. Düýeguşuň her ädiminiň uzynlygy 7,5 metre ýetýär.

Gawunyň tohumy adaty ýagdaýda 8 ýyllap zaýalanman saklanýar. Ýörite şertlerde ol 400 ýyla çenli gögerijiligini ýitirmeýär.

Ýüpek gurçugynyň saran bir pilesiniň sapagyny çözleseň, bir kilometre ýetýär.

Garynjanyň ys almak ukyby pesinden itiňkiçe bardyr.

Sugunyň şahynyň şahalarynyň sany tötänden däldir. Onuň şahynyň näçe şahasy bar bolsa, şonça-da ýaşy bardyr. Bir ýaşyna ýetmedik sugunlarda şah bolmaýar.

Baýguş mawy reňki saýgaryp bilýän ýeke-täk guşdur.

Deňizde ýaşaýan kepjebaş dünýäde iň zäherli ýylan hasaplanýar.

Toplan: Täzebaý AŞYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com