Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi

21-04-2023 / 5079

Häzirki wagtda döwrebap bilim ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, bu işde özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyklary ösdürilýär. 19-njy aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda I Halkara açyk informatika internet olimpiadasynyň ýokary derejede geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmegi, şeýle-de halkara olimpiadalaryň yzygiderli ýagdaýda Türkmenistanda geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleridir iri ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.

Onlaýn bäsleşikleri geçirmek üçin ýörite döredilen «Moodle» platformasy arkaly guralan bu halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 181-si, şeýle-de daşary ýurtlardan — Germaniýanyň, Wengriýanyň, Awstriýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Malaýziýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan hem Başgyrdystan Respublikalarynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň 50-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 270-si gatnaşdy.

Bu halkara bäsleşikde talyplar 180 minudyň dowamynda 10 ýumşuň çözgüdini tapmaly boldular. Toplan utuklarynyň jemi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Netijede, oňa gatnaşyjylaryň 9-sy 1-nji, 51-si 2-nji, 104-si bolsa 3-nji orunlary eýelediler. Ýeňijiler 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanyldy.

Dürli AGAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com