Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmen suratkeşleri halkara sergä gatnaşdylar

21-04-2023 / 5036

Golaýda Halkara şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň festiwalynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäheriniň Şekillendiriş sungaty galereýasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türki dünýäniň suratkeşleriniň duşuşygy» atly sergi guraldy. Oňa gurama agza ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan suratkeşler gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Halkara sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradowyň «Jelaleddin Rumy», «Öwüşgin», «Magtymguly Pyragy», Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradowyň «Görogly beg», «Adam we daragt», Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Toýly Çopanowyň «Magtymguly Hindistanda», «Awyl aga», «Bereketli toprak», «Täjir», «Kerwensaraý» ýaly bir-birinden zyýada, köpöwüşginli eserleri ýerleşdirildi. Türkmen suratkeşleriniň ajaýyp eserleri sergini synlamaga gelen her bir sungat muşdagynda ýakymly täsir galdyrdy. Galereýada ýerleşdirilen eserlerde türki döwletleriň milli gymmatlyklaryny şöhlelendirýän çuňňur pikirler beýan edilýär. Reňkleriň sazlaşygy, şekilleriň gözelligi, olarda janlandyrylan inçe duýgular serginiň myhmanlarynda ýatdan çykmajak oňyn täsirleri galdyrdy.

Şeýle-de tapawutlanan eserleriň awtorlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Ildeşlerimiz Ç.Ýazmyradow altyn medala, G.Goçmyradow we T.Çopanow Diploma mynasyp boldular.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com